Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen zenanlaryndan ilkinji pianinoçy


Moskwada ýerleşýän “Dostluk fontany”. Çepdäki heýkel milli lybasdaky türkmen gyzynyň keşbi.
Moskwada ýerleşýän “Dostluk fontany”. Çepdäki heýkel milli lybasdaky türkmen gyzynyň keşbi.
Türkmen zenanlaryndan ilkinji professional pianinoçy Gözel Annamämmedowa barada asly aşgabatly türkmen, häzir Orsýetiň Ýaroslawl şäherindäki Akademik simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory, Russiýa Federasiýasynyň Halk artisti Myrat Annamämmedow bilen geçirilen interwýu. Söhbetdeşligi geçiren Nazar Hudaýberdi.

Azatlyk Radiosy: Myrat, ilkinji professional pianinoçy türkmen zenany kim? Şol zenan siziň ejeňiz diýip eşitdik. Ol pianinoçy bilen tanyşdyrsaňyz.

Myrat Annamämmedow: Ýatan ýeri ýagty bolsun, ejemiň ady Gözel Ataýewna Annamämmedowa.

Azatlyk Radiosy: Ol haçan hem nädip ilkinji pianinoçy boldy?

Myrat Annamämmedow: Bu gyzykly bir taryh. Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda şol wagtky Sowet Soýuzynda köp sanly kynçylyklaryň, ýetmezçilikleriň bardygyna garamazdan, edilen gowy işlerem, ylaýtada medeniýet boýunça edilen işler, tagallalar az däl. Görnükli ylym, sungat, medeniýet işgärleri talantly ýaşlary tapmak üçin Soýuzyň tutuş territoriýasyna aýlanypdyrlar.

Russiýa Federasiýasynyň Halk artisti Myrat Annamämmedow
Ine, günleriň birinde Moskwa konserwatoriýasynyň professory, dünýä belli ussat pianist Genrih Neýgaust soňy bilen Moskwa konserwatoriýasynda okatmak üçin talantly ýaşlary gözläp, 30-njy ýyllarda Merkezi Aziýa respublikalaryna, şol sanda Türkmenistana gelýär. Aşgabadyň çagalar öýünde terbiýelenýän Gözel Annamämmedowa diýen gyzjagazda onuň ünsi eglenýär hem saz çalşyny synlaýar hem mekdebiň ýolbaşçylaryna: “Şu gyz mekdebi tamamlansoň, okuwyny Moskwada dowam etdirse gowy bolar” diýipdir.
Neýgaust barada näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Ýeke mysal, dünýä belli sazanda, pianinoçy Swýatoslaw Rihter onuň şägirdidir. Şol çagalar öýünde moskwaly professor çagalar bilen surata düşüpdir. Şolaryň arasynda 12-13 ýaşlaryndaky gyzjagaz, meniň ejem Gözel Amanmämmedowa-da bar. Şol suraty dokument hökmünde aýawly saklaýaryn. Şol surat “Türkmenistanyň saz sungaty işgärleriniň ussahanasy” atly kitapda-da bar. Ejem Aşgabadyň çagalar sazçylyk mekdebini tamamlaýar, Oňa 80 manat möçberinde kömek pul berip, 1945-nji ýylyň 19-njy maýynda, beýik ýeňişden 10 gün geçensoň, Moskwa ugradýarlar.

Azatlyk Radiosy: Ol Moskwada okamagy maslahat beren meşhur pianinoçy Genrih Neýgaust bilen duşuşypmy?

Myrat Annamämmedow: Gyzjagaz konserwatoriýa gelýär, gapyny kakyp, klasa girýär, elbetde, professor ony tanamaýar. “Gyz, saňa näme gerek?” diýip soraýar. Ol özüniň professoryň ýanyna maslahata gelendigini aýdýar. Professor oturdyp, onuň sazyny diňleýär hem geljekki planyny soraýar, onuň konserwatoriýa girmek islegine geň galýar, birinjiden, ýaşy kiçi, ikinjidenem, konserwatoriýadan öň orta saz mekdebini tamamlamaly. Ejemde sazçylyk uçilişesi barada düşünje bolmasa näme? Ol Aşgabatda çagalar sazçylyk mekdebini tamamlapdy ahyryn. Netijede ol konserwatoriýanyň ýanyndaky sazçylyk uçilişä girýär, ony tamamlaýar. Şondan soň Moskwa konserwatoriýasyna girýär.

Azatlyk Radiosy: Maýa Kulyýewa, Annagül Annaguly ýaly aýdymçylar onda siziň ejeňizden öň Moskwada okapdyrlarda?

Myrat Annamämmedow: Bu beýik artistler, elbetde, ejemden öň okadylar. Olar eýýäm 1941-nji ýylda ilkinji türkmen Opera teatryny döretmäge gatnaşan adamlar.

Azatlyk Radiosy: Gözel Annamämmedowa konserwatoriýany haçan tamamlady?

Myrat Annamämmedow: 1954-nji ýylda.

Azatlyk Radiosy: Okuwy tamamlap, Türkmenistana geldimi?

Myrat Annamämmedow: Ýok, ol aspiranturada okady. 1955 ýa 56-njy ýylda Aşgabada gelip, Döwlet Filarmoniýasynda solist bolup işe başlady. Sazçylyk uçilişesinde-de mugallymçylyk etdi. Ol wagt Aşgabatda konserwatoriýa ýokdy. Filarmoniýada bäş ýyl töweregi işledi, respublikanyň ähli ýerine gastrola gitmeli, tüýdükçi ýa gyjakçy saz guralyny özi bilen islän ýerine alyp baryp bilýär. Emma ejemiň çalýan saz guralyny, pianinosyny gastrola äkitjek gümanyň ýok. Uzak obalarda, kiçi şäherlerde näsaz, köne pianinoda saz çalmak oňa agyr düşýär, sazanda gaty inçe duýguly adam bolýar. Guralyň saz däldigi üçin çalýan sazyna göwni ýetmän, aglan pursatlarynyň bolandygyny ejem gürrüň beripdi. Şondan soň Filarmoniýadan çykyp, bar ünsüni saz ugrundan pedagogik işe berdi.

Azatlyk Radiosy: Onda ömrüniň ahyryna çenli sazdan sapak beripdir, mugallymçylyk edipdir-dä?

Myrat Annamämmedow: Hawa. Hatda Aşgabatda Sungat instituty açylanda-da, ol soň konserwatoriýa boldy, ejem işleýän sazçylyk uçilişesine wepaly bolup galdy. Ýogsa, onuň Moskwa konserwatoriýasynda alan bilimi, iş hem durmuş tejribesi institutda işlemäge doly mümkinçilik berýärdi.

Azatlyk Radiosy: Sungat adamlaryna, adatça, hormatly atlar dakylýar. Gözel Annamämmedowanyň nähili derejesi bardy?

Myrat Annamämmedow: Ol 1991-nji ýylda aradan çykdy. Gynansagam, dünýäsini täzeländen soň, “Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri” diýen hormatly at dakyldy.

Azatlyk Radiosy: Merhumyň jaýy jennetden bolsun! Myrat, siziň ejeňiz bilen bagly Moskwadaky öňki ady WDNH, häzir WWS atlandyrylýan Halk Hojalygynyň Gazananlarynyň sergisindäki "Halklaryň dostlugy" atly uly suw çüwdürimi hem ondaky gyzyl çaýylan 15 gyzyň heýkeli barada gürrüň berseňiz. Ondaky türkmen gyzy aslyýetinde kim?

Myrat Annamämmedow: Moskwada meniň ejeme gyzyldan ýadygärlik dur. Nähili hyzmaty üçin, hiç hili! Konserwatoriýada okaýan wagty ony rektorata çagyrýarlar. “Pylan ýerden türkmen köýnegini, dürli milli şaý-sepleri alyp, şu adrese bararsyň. Türkmen milli eşiginde suratkeşiň we heýkeltaraşyň öňünde durarsyň” diýipdirler. Bu talabyň manysyna düşünmese-de, ejem rektoryň buýrugyny ýerine ýetirmeli bolupdyr.

Görlüp oturylsa, Halk Hojalygynyň Gazananlarynyň sergisinde “Dostluk fontany” gurulmaly edilipdir. Ol Sowet Soýuzynda iň meşhur fontan bolupdy, häzir Russiýa Federasiýasynda-da meşhur. Şol fontanyň töwereginde 15 gyz dur. Olaryň hersi bir soýuz republikanyň milli wekili.

Türkmen gyzy milli geýimde, türkmen şaý-sepleri bilen bezenen, elinde pagta. Şol heýkel meniň ejemiň mysalynda döredildi. Men oňa buýsanýaryn. Çagalarym bilen Moskwa baranymda, WDNH-da bolýarys hem olara “Ine, şu siziň eneňiz “diýýärin. Aslyýetinde ol meniň ejeme gurlan ýadygärlik däl, ol milli lybasdaky türkmen gyzynyň keşbi. Ýöne meniň üçin ejem bolup görünýär.
XS
SM
MD
LG