Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen päliwany bürünç medala eýe boldy


Türkmenistanyň Milli sport we turizm institutynyň studenti K.Esenow grek-rim göreşi boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Jakartada tamamlanan Aziýa çempionatynda bürünç medala eýe boldy.

19 ýaşly Esenow şol üstünligine 84 kilogram agramda mynasyp boldy. Bu agramda 14 türgen bäsleşdi.

Esenowyň bu medaly onuň grek-rim göreşi boýunça gazanan ilkinji baýragy däl. Ol iki ýyl mundan öň hem 17 ýaşdan uly bolmadyklaryň arasynda Hindistanda geçen Aziýa çempionatynda bürünç medaly gazanypdy.
XS
SM
MD
LG