Sepleriň elýeterliligi

Ukrainaly aktiwistler “demokratik döwletlere” ýüzlendiler


Ukrainaly adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler “demokratik döwletleri” ukrainaly resmileriň birnäçesine garşy gadaganlyklary girizmäge çagyrdylar. Şol resmiler ynsan hukuklaryny bozanlykda aýyplanýarlar.

Ukrainanyň adam hukuklary boýunça bileleşiginiň agzasy Ýewhen Zaharowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, “demokratik döwletleriň” ukrainaly resmilere wiza bermekden ýüz öwürmegi we olaryň daşary ýurtlardaky pul hasaplaryny doňdurmagy ýurtda “adam hukuklarynyň bozulmagynyň” we “syýasy äheňli jezalandyrmalaryň” öňüni almaga kömek etmegi mümkin.

Parlamentdäki oppozision toparlar hem Günbatar ýurtlarynyň Ukrainanyň hökümet resmilerine garşy gadaganlyk girizmekleri barada öz haýyşlaryny taýýarlaýarlar.
XS
SM
MD
LG