Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Orsýetiň bilim ministrini kabul etdi


Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Aşgabatda Orsýetiň magaryf we ylym ministri Andreý Fursenko bilen duşuşdy.

Duşuşykda G.Berdimuhamedow bilen A.Fursenko Türkmenistan bilen Orsýetiň magaryf we ylym pudagyndaky hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meseleleri barada pikir alyşdylar.

Şol gün hem Aşgabatda ylmy-innowasiýa meseleleri boýunça ilkinji türkmen-orsýet forumy geçirildi.

Bu foruma Türkmenistanyň magaryf we ylmy edaralarynyň wekilleri bilen birlikde, Orsýetiň bilim beriş we ylmy edaralarynyň hem 40-dan gowragynyň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň delegatlary iki ýurduň magaryf, ylym we tehnologiýa boýunça hyzmatdaşlyklaryny ösdürmegiň dürli ugurlary barada maslahat etdiler.
XS
SM
MD
LG