Sepleriň elýeterliligi

Prezident Medwedew Özbegistana resmi sapara bardy


Duşenbe güni agşam Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Özbegistana resmi sapara bardy. Şu gün ol Daşkentde Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikleriň yzy bilen žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Dmitriý Medwedew özara duşuşykda söwda-ykdysady meseleler bilen birlikde, arap ýurtlaryndaky syýasy tolgunyşyklar we regional howpsuzlyk ýaly meseleleriň-de üns merkezinde bolandygyny belledi.

Içgin dialoglaryň möhümligi barada durup geçip: "Özara gatnaşyklar pozitiw häsiýetde-de bolup biler ýa çylşyrymly we hatda zyýanly-da bolup biler. Hut şoňa görä-de, öz ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň milli bähbitlerini kepilledirmek üçin özümiziň ýakyn goňşularymyzda bolup geçýän ýagdaýlar barada pikir alyşmaklyk örän zerur bolup durýar" diýip, prezident Medwedew belledi.
XS
SM
MD
LG