Sepleriň elýeterliligi

Yrakda welaýat administrasiýasynyň binasyna hüjüm edildi


Şu gün Yragyň Bakuba şäherinde ýaragly söweşijiler we janyndan geçen hüjümçiler welaýat administrasiýasynyň binasyna hüjüm etdiler. Wakada azyndan dokuz adam ölüp, 25 töweregi adam ýaralandy.

Gözli şaýatlar bu hüjümleriň azyndan bäş sany ýaragly adam we iki sany janyndan geçen hüjümçi tarapyndan amala aşyrylandygyny aýdýarlar.

Wakada hüjümçilerden üçüsiniň öldürilendigi habar berilýär. Ýöne ölen ýerli raýatlaryň arasynda hökümet resmileriniň bardygy ýa ýokdugy barada maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG