Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň harbylary gozgalaňlaryny basyp ýatyrýarlar


Şu gün Siriýanyň harby güýçleri ýurduň demirgazygyndaky Idlib prowinsiýasyndaky halk gozgalaňlaryny basyp ýatyrmak boýunça çärelerini dowam etdirdiler.

Şu geçen dynç alyş günleri ýurduň harby güýçleri bu prowinsiýanyň Ýisr al-Şugur şäherinde gurnalan protestleri güýç bilen dargytdylar we şäherde berk kontrollygy ýola goýdular. Ýerli aktiwistler bu wakalarda azyndan alty sany parahat ýaşaýjynyň ölendigini aýdýarlar.

Şu gün siriýaly aktiwistler ýurduň demirgazygyndaky Maarat al-Naaman şäherindäki protestleri-de basyp ýatyrmak üçin bu şäheriň töwereklerine tanklaryň jemlenip başlandygyny habar berdiler.

Türkiýäniň «Anadoly» habar agentliginiň maglumatyna görä, soňky günler Siriýanyň hökümetiniň gazaply güýç ulanmagy netijesinde siriýadan 7 müň töweregi raýat Türkiýäniň territoriýasyna bosup geçipdir.
XS
SM
MD
LG