Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Belarusda ykdysady krizis ýitileşýär


Antaniuk bilen onuň aýaly Swetlananyň häzir takmynan 300 dollara barabar bolan aýlygynyň 2/3 bölegi azyk harytlaryna gidýär.

Antaniuk bilen onuň aýaly Swetlananyň häzir takmynan 300 dollara barabar bolan aýlygynyň 2/3 bölegi azyk harytlaryna gidýär.

Iwan Antaniuk ozallar, dükana baryp, gerek zatlaryny satyn almagy gaty gowy görerdi. Miwe, gök önüm, et, peýnir, näme aljak bolsa, gurby çatýardy.

Indi bolsa, ýaňy mart aýynda agyr maliýe krizisi Belarusyň başyna bela bolup inip, hakyky girdejisi iki esseden hem köpräk aşaklaly bäri, dükana baryp, gerek harytlaryny satyn almak pensiýa çykan bu goşun işgärine diňe lapykeçlik getirýär.

Dükandan dolanyp gelýän 81 ýaşly minskli Antaniuk alan zatlaryna göwnüýetmezçilik bilen seredip: “Diňe gerekje zatlar. Un, ýag, şeker, peýnir, gatyk we süýt. Çörek, kartoşka ýa gök önüm almadym. Setanda-seýranda bolaýmasa, et, kolbasa iýemzok. Olar gaty gymmat” diýip, Antaniuk aýdýar.

Maliýe krizisi inflýasiýa derejesiniň aşa ýokarlanmagyna getirdi. Mundan hem ejir çekýänler Antaniuk ýaly pensionerler.

Orsýetde energiýanyň bahasynyň artmagy, 19-njy dekabrda geçen prezidentlik saýlawlarynda öň edilen aşa köp çykdajy zerarly dörän peselişi jylawlamak üçin Belarus öten aý öz milli rublunyň resmi hümmetini 36 prosent aşaklatdy. Üstümizdäki ýylyň başyndan bäri Belarus rubly öz bahasynyň ýarpysyndan gowragyny ýitirdi.

Ýurduň awtoritar prezidenti Aleksandr Lukaşenko Günbatar bilen bolan öýke-kinäni goýup, Halkara pul gaznasyndan kredit sorady. Belarusyň gadymy ýarany Orsýet bolsa, oňa göni kredit bermekden boýun gaçyryp, “Ýewraziýa Ykdysady Jemgyýeti” tarapyndan üç milliard dollar karz pul berilmegini teklip etdi.

Hökümet häzir bir çykalga tapjak bolup, iki-baka urunýar. Ilat hem ätiýaç üçin azyk harytlaryny toplap goýýar ýa-da öz galanja puluny daşary ýurt walýutasyna öwürtjek bolup ençeme sagatlap uzyn nobata durýar.

Sarp edilýän harytlaryň bahasy kontrollykdan çykdy. Berilýän resmi maglumatlarda maý aýynda miwäniň bahasynyň 50 prosent, çaýyň bahasynyň 46 prosent, ýangyjyň bahasynyň hem 20 prosente golaý artanlygy aýdylýar.


Antaniuk bilen onuň aýaly Swetlananyň häzir takmynan 300 dollara barabar bolan aýlygynyň 2/3 bölegi azyk harytlaryna gidýär. Belarus rublunyň hümmetiniň günbe-günden aşak gaçmagy ýeke öz pensiýalaryna oňýan adamlary gorka salýar.

“Bahalara bir seredip görüň. Bu bir weýrançylyk, betbagtçylyk. Döwletiň kontrollygyndaky radiony ýa telewideniýäni diňleseň, ähli zat gülala-güllük. Günümizi nähili dolandyjagymyzy bilemok” diýip, Antaniuk aýdýar.

Antaniuklar geljekde rahat ýaşarys diýen umyt bilen ömürboýy işläp gelipdirler. Ýöne Sowet Soýuzy çökeli bäri Belarusyň başdan geçiren kynçylyklary olary arzuw-hyýallaryny beýle ýokary tutmazlyga mejbur edipdir.

Indi bolsa maliýe krizisi olaryň soňkuja umydyny-da dargadyp barýar. “Çekip-çydaýarys, şeýdip, ömrümiz soňlanyp barýar. Beýle bolar diýip, asyl düýşümde-de pikir etmändim. Bu ýeke bir sistemanyň çökmegi däl. Bu bir betbagtçylyk. Muny hemmeler duýýarlar” diýip, Antaniuk zeýrenýär.

Ýöne Minskiniň 70 kilometrliginde ýerleşýän Molodeçno şäherinde ýaşaýan Wolha Lahwinowiç bilen onuň maşgalasynyň ýagdaýy beýle erbet däle meňzeýär. Iki çaganyň enesi we adamsy Ýan krizise oňat taýýarlyk görüpdirler. Öýde halta-halta tüwi, şeker, çaý dur. Bu ýaş är-aýal hem maliýe taýdan öz ene-atalarynyň kömegine garaşly. Ýöne geljege näçe umytly garamaga synanyşsalar-da, gaýgy-alada bularda-da ýok däl.

Wolha: “Biz gorkýarys, sebäbi ýaşaýşymyzyň nähili boljagyny bilemzok. Näme zatlaryň boljakdygy barada bilýän zadymyz ýok” diýýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG