Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow hökümet maslahatyny geçirdi


Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, sişenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet agzalarynyň, käbir ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Aşgabadyň we welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli hökümet maslahatyny geçirdi.

Maslahatda döwletiň we jemgyýetiň durmuşyndaky möhüm meseleler barada gürrüň edildi diýlip, habar berilýär.

Prezident Ahal welaýatynyň häkimine galla hasylyny doly ýygnamak üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleri hem galla oragynyň barşy, gurluşyklaryň gidişi, ilatyň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Prezident Maryda galla hasylynyň ýygnalyşyndan nägiledigini aýdyp, ýagdaýy analizlemegi we zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi.

Berdimuhamedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniň başlygy Myratgeldi Kuraýewiň işinden örän nägiledigini aýtdy we oňa berk käýinç yglan etdi.

Prezidentiň tabşyrygy bilen Türkmenistanyň maliýe ministri Annamuhammet Goçyýew Ýewraziýa komissiýasynyň nobatdaky 14-nji maslahatyna gatnaşar. Ol 15-17-nji iýun aralygynda Orsýetiň paýtagty Moskwada geçiriler.
XS
SM
MD
LG