Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň delegasiýasy Aşgabada sapar edýär


Şu günler Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň delegasiýasy Aşgabada sapar edýär. Oňa Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Ýewropa we Ýewraziýa departamentiniň başlygy ilçi Panhas Awiwi ýolbaşçylyk edýär.

Sişenbe güni delegasiýa Türkmenistanyň Daşary işler, Suw hojalygy ministrliklerinde, Aşgabat şäher häkimliginde we Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Halkara gatnaşyklary institutynda boldy.

Duşuşyklarda türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary we geljegi barada gürrüň edildi.

Ysraýylyň delegasiýasy bilim pudagy we suwy tygşytly ulanmak boýunça hem hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny belledi diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG