Sepleriň elýeterliligi

Gullit çeçen komandasynyň trenerliginden boşadyldy


Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrow gollandiýaly meşhur futbol ýyldyzy Ruud Gulliti “Terek Grozniý” komandasynyň treneri wezipesinden boşatdy.

Gullite utmaly diýlip aýdylsa-da, onuň komandasy permli garşydaşyndan utuldy. Garşydaşlary soňky minutda olaryň derwesine bir top saldy.

Mundan öň klub 48 ýaşly Gulliti komandany türgenleşdirmegiň ýerine barlara we oturylyşyklara gidýänlikde aýyplapdy. Oňa permli komandany utmasa, trenerlikden boşadyljakdygy duýdurylypdy.

Ýanwar aýyndan bäri “Terek Grozniniň” treneri bolan Ruud Gullit Gollandiýanyň taryhynda iň üstün futbolçy we iki gezek dünýäniň iň gowy oýunçysy bolypdy.
XS
SM
MD
LG