Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda futbol janköýerleri gazaba mündüler


Täjigistanyň günorta-günbatarynda gazaba münen futbol janköýerleri sudýalary oýuna adalatsyz garanlykda aýyplap, bidüzgünçilik döretdiler.

Oýunda ýeňen komanda prezident Rahmonyň uly ogly Rüstem hem agza. Ol käte ýurduň çempiony bolan “Ystyklol” toparynda oýnaýar. Sişenbe güni bu komanda garşydaşy “Rawşany” 1:0 hasaby bilen ýeňdi.

Oýun gutarandan köp wagt geçmänkä “Rawşanyň” janköýerleri polisiýa hüjüm edip, oýnuň sudýalaryna daş we beýleki zatlary zyňdylar.

Şaýatlaryň sözüne görä, olaryň gazaba münmeginiň sebäbi sudýalaryň “Ystyklol” komandasynyň tarapyny tutmagy bolupdyr.

Futbol janköýerleri “Ystyklolyň” awtobusyna, onuň oýunçylarynyň ulagyna, meýdançanyň golaýyndaky ýangyn söndüriji we tiz kömek ulaglaryna hem hüjüm etdiler. Olar prezidentiň ogluna ýakynlaşanda, ýörite polisiýa güýçleri gazaba münen janköýerlere böwet boldular.

Azatlyk Radiosynyň žurnalistiniň wakanyň bolan ýerinden beren maglumatyna görä, iki komandanyň janköýerleri çaknyşanda azyndan 5 adam ýaralanypdyr.
XS
SM
MD
LG