Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Eýran Siriýadaky protestleri basyp ýatyrmaga kömek edýär


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Eýrany Siriýada oppozisiýanyň protestlerini basyp ýatyrmaga kömek edýänlikde aýyplady.

Klintonyň beýannamasynda Siriýadaky häzirki ýagdaýlar iki ýyl mundan öň Eýranda bolan wakalar bilen deňeşdirilýär. Şonda Eýranyň häkimiýetleri prezidentlik saýlawlaryna garşy geçirilen köpçülikleýin protestleri gazaply basyp ýatyrypdy.

Emma Klintonyň beýannamasynda Eýranyň Siriýanyň hökümetine nähili kömek edýändigi anyk aýdylmaýar.

Golaýda Eýranyň häkimiýetleri Günbatary liwiýaly gozgalaňçylara kömek edýänlikde aýyplapdy.
XS
SM
MD
LG