Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda “Hizb ut-Tahririň” lideri tussag edilipdir


Geçen hepde polisiýa Täjigistanda gadagan edilen “Hizb ut-Tahrir” yslamçy guramasynyň lideri diýilýän adamy tussag etdi.

Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Mahmadullo Asadulloýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 43 ýaşly Şarifjon Ýakubow 8-nji iýunda Duşenbede tussag edilipdir.

Ýakubow “Hizb ut-Tahririň” Londondaky lideri Ata Abu ar-Ruşta bilen internet arkaly habarlaşanda tussag edilipdir. Muny Täjigistanyň howpsuzlyk gulluklary anykladylar.

Ýakubow Hojant döwlet uniwersitiniň rus dili fakultetini tamamlady. Ol “Hizb ut-Tahririň” aktiw agzasy bolandygy üçin 10 ýyl türmede oturypdy.

Onuň aýal dogany Dilbar Ýakubowanyň aýtmagyna görä, Şarifjon tussag edilenden soň onuň üç gyzy dereksiz ýitipdr. “Belki, polisiýa agamyň geplemegi üçin basyş etmek isleýändir” diýip, ol şübhe bildirdi.

Şu ýylyň dowamynda Täjigistanda “Hizb ut-Tahrir” guramasynyň 20 çemesi agzasy tussag edildi. Bu topar 2001-nji ýylda Täjigistanda gadagan edilipdi.
XS
SM
MD
LG