Sepleriň elýeterliligi

ABŞ HRW-niň Özbegistandan çykarylmagyna alada bildirdi


Birleşen Ştatlar Özbegistanyň Ýokary sudunyň halkara “Human Right Watch” guramasynyň Daşkentdäki edarasyny ýapmak baradaky kararyna alada bildirdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mark Toneriň bellemegine görä, HRW ýaly hökümete degişli bolmadyk guramalar dünýäde möhüm rol oýnaýarlar.

Waşington HRW guramasynyň Özbegistanda öz işlerine dowam edip bilmejekdigine gynanýar. Bu gurama mart aýynda özüniň Daşkentdäki edarasyny ýapmaga mejbur edilendigini yglan etdi.

HRW Özbegistanda Ýokary suduň geçen hepde çykaran kararyndan soň öz işini soňlady.

HRW guramasy özbek hökümetiniň garaşsyz raýat jemgyýetiniň işine goşulýandygyny we onuň aktiwistlerine azar berýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG