Sepleriň elýeterliligi

Gresiýada polisiýa bilen demonstrantlar çaknyşdy


Gresiýanyň paýtagty Afinyda parlament binasynyň öňünde polisiýa bilen demonstrantlaryň arasynda çaknyşyk boldy.

Demonstrantlar hökümetiň býujet serişdelerini tygşytlamak boýunça kabul etjek täze kararlaryna garşy çykýarlar.

Berilýän maglumata görä, demonstrantlaryň bir topary polisiýanyň işgärlerini daşlap başlapdyr. Polisiýa olara garşy göz ýaşardyjy gaz ulanypdyr.

Gresiýanyň paýtagtynda 20,000 töweregi demonstrantyň köçelere çykandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG