Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň prezidenti Günbatara dilden hüjüm etdi


Eýranyň prezidenti nobatdaky gezek Günbatara dilden hüjüm etdi.

Mahmut Ahmedinejad Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Astanada geçýän sammitinde çykyş edip, “häzirki dünýä gurluşyny üýtgetmäge” çagyrydy. Onuň sözüne görä, häzir dünýä öňki kolonizatorlar tarapyndan dolandyrylýar.

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy 2001-nji ýylda döredilipdi.

Gazagystanyň paýtagtynda geçýän sammitde Orsýetiň prezidenti çykyş edip, guramanyň regiondaky hyzmatyny güýçlendirmäge çagyrdy: “Biz guramanyň mümkinçiliklerini, golaý we uzak möhletde ösdürmegi maksat edinýäris”.
XS
SM
MD
LG