Sepleriň elýeterliligi

Siriýa Türkiýä gaçan raýatlaryny yzlaryna çagyrýar


Siriýa ýurtdaky protestleriň gazaply basylyp ýaryrylmagyndan howatyrlanyp Türkiýä gaçan raýatlaryny yza dolanmaga çagyrýar.

Siriýa özüniň demirgazyk şäheri Ýisr al-Şugurda tanklary ýerleşdiripdir. Şaýatlaryň aýtmagyna görä, esgerler golaý-goltumda gözleg işlerini amala aşyrýarlar.

Türkiýe bilen serhetde ýerleşýän Ýisr al-Şugur şäheri prezident Başar al-Assadyň režimine garşy başlanan protestleriň merkezi bolupdy.
XS
SM
MD
LG