Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystandaky partlamada ýedi adam öldi


Owganystanyň Kapisa welaýatynyň Mahmud-i-Raki şäherinde janyndan geçen hüjümçiniň özüni partlatmagy netijesinde parahat ilatyň arasyndan bäş adam, şeýle-de iki polisiýa işgäri öldi.

Bu partlmada başga-da ýedi adamyň, şol sanda bir polisiýa işgäriniň ýaralanandygy habar berilýär.

Janyndan geçen hüjümçi hökümet binasyna girjek bolanda, barlag-gözegçilik nokadynda saklanypdyr. Şol wagt ol özüni ýarypdyr.
XS
SM
MD
LG