Sepleriň elýeterliligi

Anželina Joli siriýaly bosgunlaryň lagerine barar


Golliwudyň meşhur ýyldyzy Anželina Joli Siriýiadaky gapzaply öç alamlardan gaçyp Türkiýä gelen bosgunlaryň lagerine barýar. Bu barada türk resmileri habar berdiler.

Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Selçuk Ünalyň aýtmagyna görä, Joli siriýaly bosgunlaryň lagerine barmaga höwes bildiripdir. Häzir onuň arzasyna seredilýär.

Türkiýäniň aýtmagyna görä, Siriýada hökümete garşy protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagyndan gaçyp, häzire çenli 8,500 töweregi bosgun serhetden geçipdir.

Anželina Joli Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça ýokary Komissarlygynyň hoşniýetlilik ilçisidir.
XS
SM
MD
LG