Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen gazy boýunça gepleşikler ýygjamlaşýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gündogar-Günbatar gazgeçirijisiniň gurluşygynyň düýbüniň tutulmagyna gatnaşýar, 2010-njy ýylyň 31-nji maýy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gündogar-Günbatar gazgeçirijisiniň gurluşygynyň düýbüniň tutulmagyna gatnaşýar, 2010-njy ýylyň 31-nji maýy.
Soňky birnäçe günüň dowamynda halkara metbugatlarynda Türkmenistanyň energiýa baýlygy barada edilýän gürrüňler has hem ýygjamlaşdy. Daşary ýurt wekilleriniň Türkmenistana edýän saparlary hem artdy.

Şu hepdäniň dowamynda Eýranyň we Birleşen Ştatlaryň energiýa boýunça ýokary derejeli wekilleri Türkmenistana sapar etdiler. Mundan ozal ýakynda ençeme daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem Türkmenistanda boldular.

Şol bir wagtyň özünde Ýewropa Bileleşigi “Transhazar” gazgeçirijisiniň gurulmagyna mümkinçilik döretmek üçin bu barada Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ylalaşyga gelinmegine araçy bolmak isleýär.

Bu wakalar bolup geçýärkä, Orsýetiň Azerbaýjandaky ilçisi Wladimir Dorohin 8-nji iýunda Bakuda çykyş edip, başgaçarak söz bilen aýdylanda, Orsýet bilen Eýranyň “Transhazar” gazgeçirijisiniň gurulmagyna garşydygyny bildirdi.

Türkmen tarapynyň goly

“Oktýabr aýynyň birinji güni gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça Azerbaýjana özara bäsdeş üç sany uly teklip hödürlener. Ol tekliplerden biri juda uly gazgeçiriji “Nabukko” bolar” diýip, energiýa boýunça maglumatlary çap edýän dünýä belli “Platts” žurnalynyň energiýa we howpsuzlyk boýunça eksperti Jon Roberts aýdýar.

Onuň pikiriçe, “Nabukko” proýektiniň işe girizilmegi üçin diňe Azerbaýjanyň gazy ýeterlik däl, goşmaça gaza zerurlyk bar, Azerbaýjan bilen bir hatarda bu gaz geçirijä goşant goşup biljek ýurtlar Yrak bilen Türkmenistandyr. “Netijede öz gazyna bil baglanmagyny isleýän bolsa, Türkmenistan gysga wagtyň içinde degişli ylalaşyklara gol goýmaly. Meniň pikirimçe, bu ugurdaky tagallalaryň ýygjamlaşmagynyň sebäbi şundan ybarat” diýip, Roberts aýdýar.

Eger Türkmenistan Orsýetden sowa ýollar bilen Ýewropa gaz satjak bolsa, onuň ýeke-täk çykalgasy gazyň Azerbaýjanyň territoriýasyndan geçmegidir. Emma, azeri ekspertleriniň pikiriçe, bu iki ýurduň arasynda ynamsyzlyk henizem dowam edýär.

Energiýa boýunça azerbeýjanly ekspert Ilham Şaban şeýle diýýär: “Azerbaýjanyň biznesmenleri Türkmenistana barmak üçin wize almaga synanyşanlarynda olaryň aglaba köpüsiniň synanyşygy başa barmaýar. Bu iki ýurduň arasynda tehniki taýdan gatnaşyk ýok. Esasanam biznes gatnaşygy ýok, howa ýollary arkaly amala aşyrylýan gatnaşyk hem Germaniýanyň “Lufthansa” howa ýollary tarapyndan üpjün edilýär”.

Soňra ol: “Londona gitjek bolsam, maňa derrew wiza berýärler. Eger Türkmenistana sapar etjek bolsam wiza almak üçin ençeme aý garaşmaly bolýar, heý, bu akyla sygýan zatmy?” diýip, özünden mysal berýär.

Emma “FoxNews” habar çeşmesiniň 9-njy iýunda çap eden maglumatyndan çen tutulsa, Ýewropa ýolbaşçylary bu iki ýurduň gatnaşygyny artdyrmak, iň bolmanda “Transhazar” proýekti baradaky problemalaryň hötdesinden gelmek üçin hem ädim ätmäge taýýarlanýarlar.

Berilýän maglumata görä, Ýewrokomissiýa Hazar deňzinde gazgeçirijisiniň gurulmagyna mümkinçilik döretmek barada Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ylalaşyga gol goýulmagy üçin araçy roluny oýnamaga rugsat edilmegini sorap, ÝB-e agza ýurtlaryň hökümetlerine ýüzlenýär.

Amerikan wekili Aşgabada bardy

Ýewropada bu tagalla dowam edýärkä, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Ýewraziýa energiýasy boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar hem 13-nji iýunda Türkmenistana baryp, ýurduň ýokary derejeli hökümet ýolbaşçylary, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen pikir alyşdy.

“Platts” žurnalynyň eksperti Jon Robertsiň çaklamagyna görä, ilçi Morningstaryň sapary hem türkmen gazynyň Ýewropa akdyrylmagyna böwet bolup duran beýleki bir problemanyň çözgüdine gönükdirilen bolmagy mümkin.

“Şeýle proýektler, umuman aýdylanda, hususy kärhanalar tarapyndan özleşdirilip we olar tarapyndan gurulýar. Emma türkmenler şeýle islendik proýektiň gurulmagyna hökümetleriň kepil geçmegini isleýärler. Olar ýewropalylar bilen hem şu mesele hakda pikir alyşýarlar. Ilçi Morningstar bilen hem şu hakda pikir alşylan bolmagy mümkin” diýip, Roberts aýdýar.

Robertsiň pikiriçe, ilçi Morningstar türkmenlere hususy şirketler bilen gepleşiklerini ýygjamlaşdyrmagy maslahat beren bolmaly: “Ol şeýle proýektleriň hususy kärhanalar tarapyndan amala aşyrylýanlygyny we Günbatarda şeýle ylalaşyklaryň hökümetleriň arasynda gelinmegine zerurlygyň ýokdugyny aýdan bolmaly”.

Eýranyň energiýa boýunça wekiliniň Türkmenistana saparynyň maksatlary barada bolsa häzirlikçe anyk maglumat ýok. Şeýle-de ilçi Morningstaryň sapary hem-de Ýewrokomissiýanyň tagallasynyň hem häzirlikçe nähili netije bilen tamamlanjakdygyny aýtmak kyn.

Orsýet “sesini çykardy”

Emma Türkmenistanyň gazy we onuň Ýewropa akdyrylmagy, şeýle-de onuň Orsýetiň territoriýasyndan sowa geçmegi baradaky planlar hakda gepleşikleriň ýygjamlaşmagy Orsýeti hem herekete getirdi. Orsýetiň Azerbeýjandaky ilçisi Wladimir Dorohin 8-nji iýunda eden çykyşynda “Transhazar” gazgeçirijisiniň gurulmagy baradaky taslamanyň Hazaryň kanuny statusy baradaky maddany hem öz içine alýanlygyny ýatlatdy.

Dorohiniň aýtmagyna görä, Orsýet bilen Eýran Hazarda guruljak gazgeçirijiniň daş-töwerege ýetirjek täsiri göz öňünde tutulanda, şeýle proýekt boýunça ähli deňizýaka ýurtlaryň razylygynyň alynmagy zerur diýip, hasap edýärler. Emma Orsýetiň “Ria Nowosti” agentliginiň 10-njy iýunda çap eden habaryndan çen tutulsa, Azerbaýjan Orsýetiň öňe sürýän bu pozisiýasy bilen ylalaşmaýar.

10-njy iýunda Azerbaýjanyň “GNKAR” döwlet gaz kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Witaliý Belýarbekow ANS habar gullugy bilen söhbetdeşliginde “Transhazar” gazgeçirijisiniň gurluşygy baradaky gepleşiklere Orsýetiň gatnaşdyrylmajakdygyny mälim etdi. Ol Orsýetiň bu meselede böwet döretmejekdigine ynanýandygyny hem belledi.

Bu çykyş nämäniň alamaty? Onuň Türkmenistanyň gazy we onuň Ýewropa akdyrylmagy baradaky gepleşikleriň täze tapgyrynyň başlanmagy bilen baglanşygy barmy? Şeýle-de bu gepleşikler nähili netije bilen tamamlanar? Bu soraglara häzirlikçe takyk jogap bermek kyn.

Emma günbatar ekspertleri Türkmenistanyň energiýasy baradaky bu gepleşikleriň bu ýurduň gaz baýlygy boýunça dünýäde ikinji orunda durýan bolmagynyň mümkindigi baradaky maglumatyň yglan edilmeginiň yzysüresi bolup geçmeginiň uly ähmiýete eýedigini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG