Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar gozganýar


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (bärde), gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (ortada) we türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (aňyrda) Türkmenbaşy şäherinde, 2009-njy ýyl.
Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (bärde), gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (ortada) we türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (aňyrda) Türkmenbaşy şäherinde, 2009-njy ýyl.
Arap ýurtlaryndaky demokratik gozgalaňlar hakyky taryhy wakalar. Tunisdäki we Müsürdäki halk gozgalaňlary geçmişdäki halk gozgalaňlaryndan düýpli tapawutlanýar, olary demokratik rewolýusiýa diýip atlandyrmaga doly esas bar. Bular eýýäm XXI asyra mynasyp halk demokratik gozgalaňlary.

Dogrusyny aýtsaň, arap ýurtlaryndaky bu kuwwatly gozgalaňlar arap dünýäsiniň özi üçinem, Günbatar üçinem garaşylmadyk waka boldy. Muny boýun almak gerek. Häzire çenli ne Gündogarda, ne Günbatarda arap dünýäsinde şeýle netijeli demokratik galkynyş bolar öýden bardy.

Günbataryň syýasy we harby ekspertleri-de häzirki barýan gozgalaňlary öňünden görüp bilmediler. Günbatara wakalary öňünden görmäge Gündogar halklarynyň döwrebap ösüşine, aýratynam demokratiki özgerişlere bolan ymtylyşyna kembaha garamak päsgel berse, Gündogaryň özüne bu ugurda tejribesizlik hem jemgyýetçilik ösüşine perspekiwalaýyn baha bermäge ukyply garaşsyz syýasy institutlarynyň ýoklugy mümkinçilik bermedi.

Umuman, diňe "arap bahary" bilen bagly däl, eýse hemişe-de gerimli wakalaryň analizine gezek gelende, Gündogar bütinleý Günbatara mätäç bolup galýar. Bu gowy ýagdaý däl. Ýöne hakykat şeýle. Belki, häzirki arap rewolýusiýalary Gündogar ýurtlarynda birçak wagty ýeten zerur analitik institutlaryň döremegine itergi berer?

Öz halkynyň garşysyna agyr ýaraglary ulanmaga çenli baryp ýeten ganhor Kaddafiniň we Siriýa režiminiň ykbalynyň häzirlikçe gutarnykly çözülmändigine garamazdan, Tunisdäki, Müsürdäki, Liwiýadaky, Ýemendäki we Siriýadaky wakalaryň adamzat taryhyny üýtgetmäge ukyplydygyna men ynanýaryn. Çünki bu rewolýusiýalaryň tejribesi uzaga gider. Onuň diňe bir Gündogar ýurtlaryna däl, eýse Ýewropa we dünýäniň beýleki künjeklerine-de täsiri ýeter.

"Arap bahary" we Orta Aziýa režimleri

Müsüriň paýtagty Käirde, 26-njy ýanwar.
Arap dünýäsinde gopan demokratik rewolýusiýalardan Orta Aziýa diktatorlary-da eýmenýärler. Näçe arkaýyn görünmäge çalyşsalar-da, Özbegistanyň hem Türkmenistanyň diktatorlary eýýäm öz "hanlyklarynda" rewolýusion hereketler başlanaýsa, gol ýapmaga howandar gözläp ýörler. Yslam Karimow bu ugurda 14-nji iýundaky duşuşugynda, eýýäm kyn ýagdaý dörese, öz diktaturasyny saklamak üçin Orsýetden arka gözleýändigini Medwedewe duýduryp goýdy. Edil häzir türkmen režiminiň Kreml bilen arasy gowy däl, onuň düýp sebäbi-de Kremliň Türkmenistana henizem kolonial gözden garamaga ýykgyn etmegi. Türkmenistanyň garaşsyz döwlet hökmünde ädýän käbir ädimleri Kremliň myrryhyny atlandyrýar. Ýöne türkmen režimi-de eýýäm, däp boýunça dünýädäki ähli diktaturalaryň arkadaýanjy hasap edilýän Kremle umydygär göz aýlaýar.

Türkmenistanyň prezidenti diňe arzan gaz berip, Kremli öz tarapyna çekip biler. Başga hili edip, kömek almaga türkmen režiminiň mümkinçiligi ýok. Eýse bu näme üçin beýle bolýar? Näme sebäpden Kreml Türkmenistan döwletini we onuň ýolbaşçylygyny äsgerenok? Elbetde, munuň esasy sebäpleiniň biri – ozalky gul eýesiniň öz guluna bolan ulumsy garaýşy. Ýöne betbagtçylyk diňe munuň bilen gutaranok. Türkmenistany dünýä arenasynda abraýdan gaçyrýan esasy betbagtçylyk – ýurduň öz içki syýasy gurluşynda. Türkmenistanda diktatura höküm sürýär, garaşsyzlyk ýyllarynda ýekeje gezegem demokratik prezident ýa parlament saýlawlary geçirilmedi. Ýurtda köppartiýalylygam, söz we metbugat azatlygam ýok. Prezident ýurdy öz halkynyň goldawyna, erk-islegine daýanyp däl-de, eýse haýsydyr bir nämälim garaňky güýçleriň goldawyna daýanyp dolandyrýar.

Gepiň gysgasy, Türkmenistanyň prezidentiniň we hökümetiniň arkasynda türkmen halky ýok. Bu ýagdaýy Kreml gaty gowy bilýär. Șonuň üçinem Kreml we beýleki käbir diýdimzor ýurtlar türkmen hökümetinem, ýurduň prezidentinem äsgerenoklar. Äsgermäge sebäbem ýok.

Mejbury "çäreler" diktaturany ýykyp bilermi?

Hut şu güne çenli Türkmenistanyň ýagdaýy şeýle bolup geldi. Eýse bu indiden eýläk nähili bolar? Eger G.Berdimuhamedow arap diktatorlarynyň düşen gününden dogry netije çykarsa, onda Türkmenistanda ýagdaý gowulyga tarap üýtgäp biler. Türkmenistanyň prezidenti, türkmen hökümeti halkyň gahar-gazabynyň rewolýusiýa derejesine ýetmegine garaşman, halkyň hak-hukuklaryny öz eline berer: söz we metbugat azatlygyna, demokratik saýlawlara, köppartiýalylyga ýol açar.

Eger-de türkmen režimi "arap baharyndan" ters netije çykaryp, öz halkyny öňküdenem beter gysmakçy bolsa (häzirlikçe bu hut şeýle-de bolýar!), üstesine-de öz häimiýetini kesekilere daýanyp saklamaga dyrjaşsa, onda režimiň iru-giç halkyň garahar-gazabyna uçrajakdygy aýnadanam aýdyň.

Bu meselede "türkmenler öz hak-hukugy üçin aýaga galarmy ýa-da galmaz?" diýen sorag artykmaç. Türkmenlerem edil beýleki milletler ýaly millet. Bu gün bolmasa, erte olaryňam sabyr käsesi dolar. Mesele halkyň aýaga galmagy üçin näçeräk wagtyň gerek boljagynda. Mesele diňe wagtda!

Ýurdy diýdimzorluk bilen dolandyrýan režimiň mundan beýläk alyp barjak syýasaty geljekki "türkmen baharynyň" başlanjak wagtyny tizleşdirip ýa-da ony gaýra goýup biler. Demokratik reformalar ol bahary aňryk süýşürse, režimiň her bir gödek ýalňyşlygy, eden-etdiligi "türkmen baharyny" golaýlaşdyrar. Halkyň sabyr käsesini her ýurtda bir zat doldurýar. Türkmenistanda köpçülikleýin işsizligi, adamlary garyp goýýan, her ädimde kemsidýän bedroý korrupsiýany hasap etmäniňde-de, belki, munuň üçin hökümet tarapyndan yzygiderli gurnalýan we ilatyň bir wagt etinden ötüp, süňňüne ýeten mejbury resmi çäreler-de ýeterlikdir?

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

XS
SM
MD
LG