Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Siriýanyň prezidentiniň wekili bilen duşuşdy


Çarşenbe güni Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Siriýany dolandyrýan Başar al-Assadyň ýörite wekili bilen gepleşik geçirdi.

Maglumatlara görä, Erdogan Basar al-Assadyň wekili Hasan Türkmeni bilen üç sagatlap maslahat edipdir. Bu gepleşiklerden soň Ankarada haýsydyr bir beýannamada ýaýradylmady. Emma mundan öň Erdogan Başar al-Assady bidüzgünçiligi bes etmäge we reforma geçirmegiň möhletini kesgitlemäge çagyrypdy.

Siriýada konflikt başlanaly bäri 8,500-den gowrak bosgunyň Türkiýä geçendigi aýdylýar. Siriýanyň goşuny Başar al-Assadyň režimine garşy gurnalýan protestleri gazap bilen basyp ýatyrýar.

Müňlerçe bosgunyň ýurduň Türkiýe bilen serhediniň golaýynda pena gözleýändigi habar berilýär.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar Siriýada bidüzgünçilik başlanaly bäri 1,300-e golaý asuda ýaşaýjynyň ölendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG