Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda BBC-niň žurnalisti tussag astynda


Täjigistanda BBC radiosynyň Özbek gullugynyň žurnalisti Urunboý Usmonow tussag edildi. Ol gadagan edilen “Hizb ut-Tahrir” ekstremist topary bilen gatnaşykda bolanlykda aýyplanýar.

Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, Usmonow bu topara 2009-njy ýylda agza bolupdyr.

Çarşenbe güni sud žurnalisti tussag etmäge rugsat berdi. Onuň aklawçysynyň sözlerine görä, Usmonow öz makalalarynda “Hizb ut-Tahriri” wagyz edenlikde aýyplanýar.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň pikiriçe, Usmonowyň tussag edilmegi “prowokasiýa”. Çünki ol “Hizb ut-Tahrire” gatnaşygy bolanlar bilen bagly geçirilýän sudlar hakynda makala ýazypdyr.
XS
SM
MD
LG