Sepleriň elýeterliligi

Waşington Bahreýndäki ýagdaýlara alada bildirdi


Birleşen Ştatlar Bahreýnde demokratiýanyň tarapdarlarynyň birnäçe hepde dowam eden protestlerinden soňky milli dialogyň öňüsyrasynda ýurtdaky dartgynlylygyň güýjändigini mälim etdi.

ABŞ Bahreýniň häkimiýetlerini öz raýatlarynyň erkin çykyşlaryna rugsat bermäge çagyrdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Maýkl Pozner Manama sapar etdi. Ol bahreýnlileriň günä ýöňkelmezden öň tussaglykda saklanýandygyna we olaryň sorag etmelerde gynalýandygy baradaky habarlara Waşintonyň biynjalyk bolýandygyny aýtdy.

Pozner patyşa al-Halifanyň diýalog geçirmek teklibini goldaýandygyny sözüne goşdy. Emma ol şu ýylky protestler mahalynda bikanun işlerde aýyplanan onlarça adama garşy sudy açyk geçirmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG