Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýewiň öňki giýewsi iki bankiri öldürenlikde aýyplanýar


Çarşenbe güni Gazagystanyň prokurorlarynyň beren habaryna görä, prezident Nursoltan Nazarbaýewiň öňki giýewsi Rahat Aliýew iki bankiri öldürenlikde aýyplanýar.

Aliýew 2008-nji ýylda hökümeti agdarmaga synanyşanlykda hem aýyplandy we gaýybana 40 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Gazagystanyň Baş prokurory Aşat Daulbaýewiň aýtmagyna görä, häzir Aliýew täze sud işi bilen ýüzbe-ýüz. Rahat Aliýew häzir iki bankiri ogurlanlykda aýyplanypdy.

Emma Aliýew hemişe günäsizdigini aýdýar we özüne garşy aýyplamalary döwletiň gurnan dildüwşügi diýip häsiýetlendirýär.

Rahat Aliýew häzir Awstriýada ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG