Sepleriň elýeterliligi

Moskwada ksenofobiýa garşy kampaniýa ýola goýuldy


Moskwaly çenden aşa milletçiler nasist salamyny berýärler, 2007-nji ýyl.

Moskwaly çenden aşa milletçiler nasist salamyny berýärler, 2007-nji ýyl.

Öten ýylyň aýagynda Moskwada turan milletçilikli zorlukdan gözi gorkan şäher häkimligi ors paýtagtynda daşary ýurtlular baradaky duşmançylyga garşy gowy maliýeleşdirilen bir kampaniýany ýola goýdy.

110 million rubl “Jynsparazçylygy goldamaň” diýen şygar bilen alnyp barylýan bildiriş kampaniýasyna, tapgyrlaýyn geçirilýän tegelek stollara, bir internet sahypasyna, şeýle hem medeni aratapawutlary dabaralandyrýan alty sany dokumental filme gider.

Moskwanyň meri Sergeý Sobýanin öten hepde bu programmany kanuna öwürdi. Ondan öňki mer Ýuri Lužkow sagçy aktiwistleriň garşysyna köp iş etmeýär diýip, birsyhly tankytlanypdy.

“Syýasy we ykdysady kommunikasiýa” agentliginiň baş direktory Dmitriý Orlow: “Öten ýyl Kremliň golaýynda Manež meýdançasynda bolan güýçli milletçilikli bidüzgünçililikler häkimiýetleri başga ýerliler baradaky duşmançylyga garşy bir çäre görmegiň zerurdygyny ynandyrdy” diýýär.

“Manežde bolan wakalar, çydamlylygy artdyryp, etniki dartgynlylygy azaltmak zerurlygy häkimiýetleri çyndan aňk edene meňzeýär. Meniň pikirimçe, muňa goýberilýän saldamly serişde bu maksatlaryň çyn ýürekdendigini tassyklaýar” diýip, Orlow aýdýar.

Ýaňy aprel aýynda Moskwanyň şäher sudy Manež meýdançasynda turan gazaply hereketler bilen baglanyşykly topar “Bikanun migrasiýa garşy hereketi” gadagan etdi.

“Ors migrantlary federasiýasynyň” başlygy Muhammad Amin Madžumder gelmişekler baradaky duşmançylyga garşy täze programmany gutlaýar. Ýöne ol: “Şäher bu ugurda uly abraýa eýe däl” diýýär.

“Orsýetiň paýtagtynda çet ýurtlulara garşy duşmançylyk derejesi gaty ýokary. Hüjümiň, ganhorlugyň, kemsitmeleriň giň möçberde bolýandygyny hemmeler bilýärler. Galyberse-de, ýaşlaryň arasynda giňişleýin maglumat işi alnyp barylmaýar. Özleriniň dürli milletçi guramalarynda ýaşlary ulanýan adamlar jogapkärçilige çekilmeýär. Moskwanyň häkimliigi aktiw däl. Bu ekstremistik guramalar, elbetde, jezalandyrylmaly, ýok edilmeli. Şol bir wagtyň özünde hem çet ýurtlulara garşy duşmançylyk hem-de ekstremistik zorluk artýar” diýip, Madžumder belleýär.

Şowly bolarmy?

Aleksandr Werhowskiý Moskwada ýerleşýän “Sowa” merkeziniň direktory. Ol hem: “Ozal ýola goýlan şular ýaly programmalaryň netije bermänligi çet ýurtlular baradaky duşmançylyga garşy täze programma üçin gowulygyň alamty däl” diýýär. Ýöne Werhowskiý şu wagta çenli bu barada ýola goýlan programmalaryň hiç biriniň beýle berk maliýeleşdirilmänligini-de sözüniň üstüne goşýar.

Werhowskiniň pikiriçe, täze programmanyň üstünlikli bolup-bolmazlygy onuň nähili ýerine ýetirilişine bagly. Ol programmanyň käbir böleklerini-de sorag astyna alýar: “Käbir jähtden asyl bu pikiriň özi bir gaty gowy pikir däl. Mysal üçin, bu ýerde çydamlylyk ugrunda göreş üçin köplenç sungat üýşmeleňleri guralýar ýa dürli halklaryň sungat baýramçylyklary geçirilýär. Men bu zatlar çydamlylyk derejesine täsir eder diýip, pikir edemok. Adamlar birini halamaýan bolsa, munuň sebäbi olaryň gowy aýdym aýdyp, tans etmeýänligi üçin däl. Munuň sebäbi bütinleý başga zatda”.

Öten ýyl Sobýanin: “Moskwada birnäçe million migrant işçi ýaşaýar. Işlemek üçin hasaba alnanlary bolsa diňe 250 müň” diýdi.

Öten ýyl Orsýetden 10 müňe golaý bikanun migrant çykaryldy. Orlow: “Sobýaniniň administrasiýasy migrantlar barada Lužkowyň berk düzgünini ýöredenok. Onuň deregine ol gamçy bilen şeker garyndysyny hödürleýär” diýýär.

“Sowa” merkeziniň maglumatyna görä, üstümizdäki ýyl şu wagta çenli Orsýetde bolan jynsparazçylykly hüjümlerde 11 adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG