Sepleriň elýeterliligi

Türkmen matematikleri baýrakly orunlary eýelediler


Bu Olimpiada Russiya bilen Ysraýylyň bilelikde taýýarlan proýektidir.

Bu Olimpiada Russiya bilen Ysraýylyň bilelikde taýýarlan proýektidir.

Ýakynda türkmenistanly studentler Tel Awiw uniwersitetiniň howandarlygynda Ysraýylda geçirilen matematika boýunça VII Halkara Internet-Olimpiadasynda ilkinji orunlary eýelediler. Bu Olimpiada Russiya bilen Ysraýylyň bilelikde taýýarlan proýektidir.

Bu Olimpiada Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň we Politehniki institutynyň studentleri gatnaşdylar. Olar Germaniýadan, Orsýetden, Çehiýadan, Hytaýdan, Polşadan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan gatnaşýan ýaşytdaşlary bilen bäsleşdiler.

Studentler matematika boýunça Internet Olimpiadasynyň ilkinji tapgyrynda dört medala eýe boldular we onuň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Türkmenistanly studentler Halkara Olimpiadanyň üç sagada çeken ikinji tapgyryndan ynamly geçmegi başardylar. Bu tapgyrda matematiki analiz, analitik geometriýa, sanlar teoriýasy boýunça sowallar bardy.

Dört altyn medal

Netijede Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň studentleri Pirmyrat Gurbanow, Ýoldaşbaý Kurambaýew, Ykram Jumagulyýew we Politehniki institutyň arhitektura-gurluşyk fakultetiniň studenti Agageldi Samedow dagy Olimpiadanyň final tapgyrynda dört sany altyn medaly aldylar. Finalda 10 sany sorag soraldy.

Olimpiadada ýene-de Pirmyrat Gurbanow, Agageldi Samedow we uniwersitetiň studentleri Ýusupbaý Ermetow, Serdar Ataýew we Akmyrat Ýagmyrow dagy bäş sany kümüş medala mynasyp boldular, bu medallaryň üçüsini finalda gazandylar.

Ýusupbaý Ermetow, Ykram Jumagulyýew we Allaberdi Temirow bolsa, Olimpiadanyň bürünç medalyny aldylar. Allaberdi Temirow bürünç medaly ýaryşyň final tapgyrynda gazandy. Şeýdibem olar bu Olimpiada-da öňdäki orunlaryň birini eýelediler.

Matematika boýunça Ysraýylda geçen VII Halkara Internet Olimpiadasynyň ýeňijileri geçmişde hem dürli dersler boýunça ýerli we halkara ýaryşlarda ýeňiji bolupdylar. Bu Olimpiada Türkmenistandan gatnaşan toparyň düzümindäki on student abraýly on iki medala we alty sany höweslendiriji baýraga eýe boldular.

Sowgatlar gowşuryldy

Golaýda ýurduň ýokary okuw jaýlarynda Halkara Olimpiadanyň ýeňijileriniň hormatyna dabara gurnaldy we olara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Ýewropada okaýan Bahar Azatlyk Radiosyna türkmenistanly studentleriň bu üstünliklerine örän guwanýandygyny aýtdy: “Men olaryň Halkara Olimpiadasynda gazanan bu üstünlikleriine örän şat. Olaryň üstünligi biziň üstünligimiz. Men olara geljekki Olimpiadalarda hem uly üstünlikler arzuw edýärin”.

Bahar hökümetiň student ýaşlar barada köpräk alada etmelidigine ynanýar. Ol bu hakda öz pikirini şeýle beýan edýär: “Biziň ýaşlarymyzyň arasynda talantlylary örän köp. Hut şol talantly ýaşlaryň zehininiň köýmezligi üçin hökümet olar barada köpräk alada etse gowy bolardy. Ilkinji nobatda studentleri, mekdep okuwçylaryny resmi dabaralara äkitmegi bes etmeli. Şonuň ýaly-da Türkmenistanda Amerikanyň we Ýewropanyň ýokary okuw jaýlarynyň filiallaryny açmaly. Bular biziň ýaşlarymyz üçin örän bähbitli bolardy diýip oýlanýaryn”.

Resmi maglumatlara görä, şu ýyl Türkmenistanyň orta mekdeplerini 110 müňden gowrak oglan-gyz tamamlady. Emma häzire çenli Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna her ýylda 5 müň çemesi oglan-gyz kabul edildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG