Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Asyrlaryň sepgidinde ýazan goşgularymdan


Aşyrguly Baýryýew














Atyrjak bolsaň daňyňy…

Türkmen, bu niçik ahwalat,
Külli ýurduň bir ýumrukda?!
Ýa piriň boldumy galat,
Çyn ýatyrmy ýa gümrükde?!

Ýalanyň dört ýany açyk,
Dört tarapy bagly çynyň?!
Iliň ýüreginde uçuk,
Sany barmy yzlaşýanyň?!

Sözleýärsiň kiçi dilden,
Düşünjek tapylmaz oňa.
Etmeseň gelenin elden,
Çeýnäp berjek ýokdur saňa.

Görmelisiň öz gamyňy,
Ýerde goýma ýasy ýanyň.
Atyrjak bolsaň daňyňy,
Açmaly dört ýanyn Çynyň!


Ýüzlenme!

Geljegin sakla Watanyň,
Öz ýoluňy düzle, türkmen!
Besdir ýalana batanyň,
Hudaýlygyň sözle, türkmen!

Mertebäň tug bolsun parlap,
Ösüp bolmaz diňe „arlap”,
Mukaddes diliňi harlap,
Öwgünama düzme, türkmen!

Ýalana diräp ardyny,
Zalym zähräňi ýardymy,
Türme etdirip ýurduňy,
Bendi bolup gezme, türkmen!

Azypdyr döwür–zamanyň,
Bir elde erkiň-amanyň,
Ýerde ýatyr din-imanyň,
Göge sary gözle, türkmen!

Ýagşy many agtar daňdan,
Göreşseň, dynarsyň gamdan,
Ajap çag, ajap eýýamdan,
Umudyňy üzme, türkmen!

Bagta ýeten ýok gaflatda,
Bolmaz çöken göwnüň şatda,
Ildigiňi sakla ýatda,
Şejeräňi bozma, türkmen!


SOS: "Halas ediň türkmeni!"

Halas ediň türkmeni,
Ruhy taýdan ölmekden!
Halas ediň türkmeni,
Iman ýuwdup, öwmekden!

Halas ediň türkmeni
Dürli-dümen neşeden.
Bardyr her zadyň çeni,
Pil ýasap ýör peşeden.

Halas ediň türkmeni
Döşüne kakmaklykdan.
Alamatdyr „men-meni’’
Geljegin ýakmaklykdan.

Halas ediň türkmeni
Öz-özün aldamakdan.
Ýaşasyn ol şu güni,
Gorkup, soň boş galmakdan.

Halas ediň türkmeni
Başa towky serdardan.
Ol özüni gös-göni
Kem saýmaz Biribardan.

Halas ediň türkmeni
Biperwaýlyk derdinden!
Eý almyş kalby-teni
Ýalanyň tot-gerdinden!

Gark edip barýar ony
Galplykdan dörän deňiz...
Halas ediň türkmeni
Eger-de ýetişseňiz?!

Aşyrguly Baýryýew Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory, Deýwid Börk adyndaky halkara baýragynyň laureaty.
XS
SM
MD
LG