Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Al-Zawahiri “Al-Kaýdanyň” täze ýolbaşçysy boldy


“Al-Kaýda” terror toparynyň täze ýolbaşçysy asly müsürli Aýman al-Zawahiri boldy. Bu barada “Al-Kaýda” bilen ilteşigi bolan websaýtda ýerleşdirilen maglumatda aýdylýar.

“Al-Kaýda” toparynyň ozalky baştutany Osama bin Laden geçen aý Pakistanda ABŞ-nyň ýörite güýçleriniň geçiren operasiýasy netijesinde öldürilipdi.

Al-Zawahiri Osama bin Ladeniň golaý ýaranlarynyň biri hökmünde tanalýardy. Şeýle-de onuň “Al-Kaýda” toparynyň nobatdaky ýolbaşçysy boljakdygy çak edilýärdi.

Häzir al-Zawahiriniň nirededigi näbelli.
XS
SM
MD
LG