Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýanyň demirgazygynda ýüzlerçe adam tussag edilipdir


Siriýanyň demirgazygynda howpsuzlyk güýçleri ýüzlerçe adamy tussag edipdir. Bu barada Siriýadaky adam hukuklaryny goraýjy guramalar habar berýär.

Berilýän maglumata görä, tussag edişlikler esasan Ýisr al-Şugur şäheriniň töwereklerinde amala aşyrylýar.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň berýän maglumatyna görä, Siriýada mart aýynyň ortalarynda prezident Başar al-Assadyň režimine garşy baş götermeler başlananaly bäri 1,400 töweregi adam öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG