Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýew Awstriýadan özüniň öňki giýewsini soraýar


Penşenbe güni prezident Nursoltan Nazarbaýew Awstriýanyň häkimiýetlerini özüniň öňki giýewsi Rahat Aliýewi Gazagystana bermäge çagyrdy. Häzir Aliýew adam öldürenlikde aýyplanýar.

Nazarbaýewiň uly gyzy Dariganyň öňki ýanýoldaşy Rahat Aliýew eýýäm adam ogurlanlykda aýyplandy we gaýybana azatlykdan mahrum edildi.

Häzir Gazagystanyň prokurorlary Aliýewi iki bankiri öldürenlikde aýyplaýarlar.

Gazagystanyň Awstriýadaky öňki ilçisi Rahat Aliýew bu aýyplamalary inkär edýär.
XS
SM
MD
LG