Sepleriň elýeterliligi

Bakuda amerikaly žurnaliste we britaniýaly aktiwiste hüjüm edildi


15-nji iýunda giçlik Bakuda amerikaly žurnaliste we britaniýaly ynsan hukuklaryny goraýja hüjüm edilendigi, olaryň gazaply ýenjilendigi habar berildi.

Maglumatlara görä, dört sany daýaw ýaş adam žurnalist Amanda Eriksona we aktiwist Seliýa Dawies Karise hüjüm edipdir. Olar ýaşaýan jaýlaryna barýarkalar hüjüme uçradylar. Hüjümde Dawies Karisiň eli döwüldi.

Penşenbe güni ABŞ-nyň Bakudaky ilçihanasynyň beren maglumatyna görä, ilçihananyň işgärleri hüjüm edilenlere kömek berýärler.

Azerbaýjanyň Içeri işler ministrliginden Orhan Mansurzada: “Pidalaryň azeri ýa-da daşary ýurt raýaty bolmagy mesele däl. Islendik jenaýatyň pidasy polisiýa ýüz tutup biler. Eger olar şuny etseler, zerur çäreler görler. Bu hüjümiň sebäbi derňewiň netijesinde belli bolar” diýip, Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Erikson we Dawies Karis Bakuda ýerli žurnalistleri we graždan jemgyýetiniň aktiwistlerini türgenleşdirýärler.
XS
SM
MD
LG