Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz syýasatçysy “syýasy äheňli” aýyplanýandygny aýdýar


Gyrgyzystanyň “Ata Ýurt” partiýasynyň lideri Kamçybek Taşiýew hökümetiň özüne bildirýän aýyplamalarynyň “syýasy äheňlidigini” aýtdy.

“Öňki baş prokuror Aýda Salýanowanyň maňa ýöňkän huligançylyk baradaky aýyplamasy meniň prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmagyma böwet bolmakdan ybarat” diýip, Taşiýew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

14-nji iýunda Baş prokuroryň metbugat gullugynyň žurnalistlere aýtmagyna görä, Taşiýewiň eldegrilmesizlik hukugyny ýatyrmak baradaky haýyş parlamente ýollandy. Bu Taşiýewiň deputat Bahadyr Süleýmanowy urandygy baradaky aýyplama boýunça derňew geçirilmegi bilen bagly.

Süleýmanow urlandan soň birnäçe günläp keselhanada ýatandygyny aýdypdy.
Ýakyn günlerde parlamentde Taşiýewi eldegrilmesizlik hukugyndan mahrum etmek barada maslahat geçirilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG