Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakiýewiň doganyna garşy sud bir hepde gaýra süýşürildi


Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakiýewiň dogany Akmat Bakiýewe garşy sud bir hepde gaýra süýşürildi. Ol geçen ýyl Gyrgyzystanyň günortasynda bolan etniki çaknyşyklara gatnaşygy bolanlykda aýyplanýar.

Ýurduň Ýokary sudunyň metbugat wekili Baktybek Rysaliýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, sud diňlenişiginiň gaýra süýşürilmegine arzaçylardan Kasym Ismanowyň suda gelmezligi sebäp bolupdyr.

Akmat Bakiýew geçen ýylyň 23-nji iýunynda tussag edildi. Geçen ýylyň tomsunda Gyrgyzystanyň günortasynda gyrgyzlar we etnik özbekler çaknyşanda 400-den gowrak adam öldi.
XS
SM
MD
LG