Sepleriň elýeterliligi

Gresiýa goşmaça maliýe kömegi gerek diýilýär


Germaniýanyň we Fransiýanyň liderleri ýewronyň kursuny durnukly ýagdaýda saklamak üçin Gresiýa ýene-de goşmaça maliýe kömeginiň gerekdigini aýdýarlar.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi bu barada Berlinde geçirilen gepleşiklerden soň gurnalan bilelikdäki metbugat konferensiýasynda aýtdylar.

Iki döwletiň liderleri Gresiýa maliýe kömegi taýýarlananda şahsy inwestorlaryň hemaýatyna hem garaşýandyklaryny bellediler.

Mundan öň gowşan maglumatlarda Gresiýanyň premýer-ministriniň ýurduň maliýe ministrini täzeländigi aýdylýardy.
XS
SM
MD
LG