Sepleriň elýeterliligi

Medwedew ýurduň ykdysadyýetini özgertmeli diýýär


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Sankt-Peterburgda geçirilýän ykdysady forumda çykyş edip, häkimiýetiň başynda kimiň durandygyna garamazdan, ýurduň ykdysadyýetini özgertmelidigini aýtdy.

Şeýle-de Medwedew Kremlde häkimiýetiň merkezleşdirilmeginiň ösüşe böwet bolup biljekdigini aýtdy.

Geljek ýylyň martynda boljak prezidentlik saýlawlaryna hem Dmitriý Medwedewiň, hem-de premýer-ministr Wladimir Putiniň öz kandidaturalaryny goýjakdygy barada çaklamalar bar.
XS
SM
MD
LG