Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenko žurnalistleri krizisi ýitileşdirmekde aýyplady


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko žurnalistleri ýurtdaky maliýe krizisine bat bermekde aýyplady.

Häzir Belarus ykdysady krizisi başdan geçirýär.

Lukaşenko metbugat konferensiýanyň dowamynda “žurnlistleriň howsalany döretmekde uly roly oýnandyklaryny” öňe sürdi.

“Indi olar başga serişdeleriň üsti bilen Belarusy sarsdyrjak bolýarlar. Siziň hemmäňiz muny bilýärsiňiz. Olar internet diýlip atlandyrylýan zir-zibili hem ulanýarlar. Bu usul eýýäm käbir başga döwletlerde-de synalyp görüldi” diýip, Lukaşenko aýtdy.

Şeýle-de Lukaşenko maliýe krizisi has-da erbetleşse, onda ýurduň serhetlerini “ýapjakdygyny” we importlary çäklendirjekdigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG