Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da kongresmen Weiner wezipesinden çekildi


Birleşen Ştatlaryň kongresmeni Antoni Weiner internetiň üsti bilen özüniň haýasyz suratlaryny ýaş zenanlara ugradandan soň dörän galmagal sebäpli wezipesinden çekilýändigini aýtdy.

Weiner penşenbe güni çykyş edip, bu dörän gopgun sebäpli ýurduň Wekiller palatasynda wekilçilik edip bilmejekdigini aýtdy.

“Men öz goýberen şahsy ýalňyşlarym we döreden kynçylyklarym üçin nobatdaky gezek ötünç soraýayn. Men öz goňşularymdan we öz saýlawçylarymdan, hususan-da öz aýalym Humadan ötünç soýaryn” diýip, Weiner çykyş etdi.

Şu hepdäniň başlarynda prezident Barak Obama eger-de Weineriň ýerinde bolan bolsa, onda özüniň wezipeden çekiljekdigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG