Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda oppozision žurnaliste hüjüm edildi


Gazagystanyň Pawlodar şäherinde oppozision “Respublika” gazetiniň habarçysy Aleksandr Baranowa hüjüm edildi.

Baranowyň “Interfaks” habar gullugyna aýtmagyna görä, näbelli adam onuň ýüzüne ençeme gezek urup, onuň mobil telefonyny hem elinden alypdyr.

Baranow bu hüjümiň sebäbini özüniň alyp barýan işi bilen baglanyşdyrýar. Ol ençeme gezek ýerli häkimiýetleri tankytlap makala ýazypdy.

Aleksandr Baranowa 2005-nji ýylda hem hüjüm edilipdi. Şol wagt ol iki hepde keselhanada ýatypdy.
XS
SM
MD
LG