Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nigeriýada federal polisiýanyň binasyna hüjüm edildi


Penşenbe güni Nigeriýanyň federal polisiýasynyň baş binasynda amala aşyrylan partlamanyň jogapkärçiligini “Boko Haram” radikal yslamçy topary öz üstüne aldy. Bu Nigeriýada janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran ilkinji hüjümi boldy.

Paýtagt Abujadäki partlamada iki adam - polisiýanyň işgäri we gümän edilýän hüjümçiniň özi heläk boldy.

Ekstremistleriň ýaýradan beýanatynda nygtalmagyna görä, hüjümiň nyşany ýurduň polisiýasynyň başlygy Hafiz Ringim bolupdyr. Partlamada oňa şikes ýetmedi.

Özüni “Nigeriýanyň Talybany” diýip atlandyrýan “Boko Haram” topary täze hüjümleri geçirmek bilen haýbat atdy.
XS
SM
MD
LG