Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda BBC-niň žurnalisti tussag edildi


BBC-niň Merkezi Aziýa gullugynyň žurnalisti Urinboý Usmonow
BBC-niň Merkezi Aziýa gullugynyň žurnalisti Urinboý Usmonow
Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goraýjy halkara komitet 16-njy iýunda Täjigistanda BBC-niň Merkezi Aziýa gullugynyň žurnalisti Urinboý Usmonowyň tussag edilmegini we urulmagyny ýazgardy. Komitet žurnalisti tizden-tiz boşatmaga çagyrdy.

Žurnalistleri goraýjy halkara komitetiň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň wekili Muzaffar Süleýmanowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Usmonow 13-nji iýunda Täjigistanyň demirgazygyndaky Hojent şäherinde tussag edilipdir we häzire çenli wagtlaýyn tussaghanada saklanýar.

Usmonow gadagan edilen “Hizb ut-Tahrir” yslamçy toparynyň agzasy bolanlykda aýyplanýar. “Haçanda, biz BBC-niň Bütindünýä gullugy bilen habarlaşanymyzda, olar Usmonowyň žurnalistiki işi üçin tussag edilendigini aýtdylar. Usmonow gadagan edilen “Hizb ut-Tahrir” toparynyň Täjigistandaky işleri barada material taýýarlapdy” diýip, Süleýmanow aýdýar.

15-nji iýunda BBC-niň Bütindünýä gullugy Usmonowa garşy bildirilýän aýyplamalary ret etdi we ony tizden-tiz boşatmaga çagyrdy. “Usmonow BBC-niň haýyşy bilen Täjigistandaky “Hizb ut-Tahrire” garşy sudlar we toparyň işleri barada habar berdi. BBC Usmonowa ýöňkelýän günälere ynanmaga asla sebäp görmeýär” diýip, BBC-niň Bütindünýä gullugy aýdýar.

Usmonowyň maşgalasy žurnalistiň urlandygyny habar berdi. BBC-niň maglumatyna görä, Usmonow tussag edilmezden öň, birnäçe polisiýa ofiseri onuň öýüne barypdyr. Olar žurnalistiň öýüni döküpdirler.

“Urinboý Usmonowa garşy aýyplamalar hiç zat. Emma bular ynjyk syýasy we dini meseleleriň şöhlelendirilişini senzura etmäge synanyşyk. Häkimiýetler Usmonowy derrew tussaglykdan boşatmaly” diýip, Žurnalistleri goraýjy halkara komitetiň başlygynyň orunbasary Robert Mahoneý belledi.

Usmonowyň aklawçysy Faýzinisso Wahidowanyň “Assoşeýted press” agentligine aýtmagyna görä, häkimiýetler žurnlisti berk goralýan türmä salypdyrlar we iki gün bäri onuň ýanyna aklawçy goýbermeýärler.

Žurnalistleri goraýjy halkara komitetiň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň wekili Süleýmanow täjik häkimiýetlerini söz azatlygyna hormat goýmaga çagyrýar: “Biz täjik häkimiýetlerini söz azatlygyna hormat goýmak barada boýun alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge we professional işleri üçin žurnalistleri tussag etmezlige çagyryşymyzy dowam etdirmekçi”.

Beýik Britaniýanyň Täjigistandaky ilçihanasy Usmonowyň tussag edilmegine alada bildirdi we täjik häkimiýetlerini metbugat azatlygyna, öz halkara borçnamalaryna hormat goýmaga çagyrdy diýip, BBC habar berdi.
XS
SM
MD
LG