Sepleriň elýeterliligi

5 ýyl mundan ozal…


58 ýaşly Ogulsapar Myradowa türkmen türmesinde 2006-njy ýylyň sentýabrynyň ortasynda gümürtik ýagdaýlarda aradan çykdy.

58 ýaşly Ogulsapar Myradowa türkmen türmesinde 2006-njy ýylyň sentýabrynyň ortasynda gümürtik ýagdaýlarda aradan çykdy.

Türkmenistanly graždan aktiwisti, žurnalist Ogulsapar Myradowa bilen birlikde Sapardurdy Hajyýewiň we Annagurban Amangylyjowyň tussag edilenlerine 18-nji iýunda dogry 5 ýyl bolýar.

Bu aktiwistler şonda, 2006-njy ýylyň 18-nji iýunynda ýanlaryndan bikanun ýarag tapylanlykda aýyplanylyp tussag edilipdiler.

Emma türkmen telewideniýesinde ýurduň milli howpsuzlyk ministriniň şol wagtky döwlet lideri Saparmyrat Nyýazowa bu barada beren hasabatynda onuň bu aktiwistleri gizlin kameralar we mikrofonlar arkaly bikanun maglumat toplamakda aýyplandygy görkezilipdi.

Şol wakadan kän wagt geçmänem, Fransiýanyň telekanaly Ogulsapar Myradowanyň, Sapardurdy Hajyýewiň we Annagurban Amangylyjowyň ýardam bermeginde «Galaksi-Press» agentligi tarapyndan Türkmenistan barada surata düşürilen bir dokumental filmi efire berdi.

Bu filmde «Galaksi-Press» agentligi türkmenistanly bu üç aktiwistiň hiç hili kanuny bozmazdan, Türkmenistandaky adaty ýagdaýlar barada dokumental filmi surata düşürmäge ýardam berendigini görkezýär.

Başda bu aktiwistlere Fransiýa döwleti üçin içalyçylyk etmek ýaly aýyplamalar ýöňkelen-de bolsa, soňra ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen sud diňlenişiginde olar bikanun ýarag saklamakda aýyplanylyp, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilipdiler.

Öldürilen žurnalistleriň hatyrasyna BBG tarapyndan dikilen ýadygärlik, Waşington.
Şondan kän wagt geçmänem, bu aktiwistlerden biri, 58 ýaşly Ogulsapar Myradowa türkmen türmesinde 2006-njy ýylyň sentýabrynyň ortasynda gümürtik ýagdaýlarda aradan çykdy.

Dört çaganyň enesi Ogulsapar Myradowanyň ölüminiň sebäpleri barada türkmen häkimiýetleri hiç hili düşündiriş bermediler.

Tussag edilmezinden öň, Ogulsapar Myradowa Azatlyk Radiosy bilen hem hyzmatdaşlyk saklap, käbir ýerli meseleler barada radioda az-owlak çykyş etmäge-de ýetişipdi.

Parižiň etegindäki Baýe şäherinde açyk muzeýde açylan ýadygärlik daşynyň ýüzüne türkmenistanly ene Ogulsapar Myradowanyň hem ady ýazyldy.
2008-nji ýylda, metbugat gününe gabatlanylyp, öz professional işlerini ýerine ýetirýärkä ölen žurnalistleriň hormatyna Parižiň etegindäki Baýe şäherinde açyk muzeýde açylan ýadygärlik daşynyň ýüzüne türkmenistanly ene Ogulsapar Myradowanyň hem ady ýazyldy.

Aktiwistlerden beýleki ikisi, her biri ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Sapardurdy Hajyýew bilen Annagurban Amangylyjow heniz hem türme tussaglygynda bolmagynda galýarlar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy «Amnesty International», «Human Rights Watch» we «Serhetsiz Reportýorlar» ýaly abraýly halkara guramalary bu tussaglaryň ikisinem syýasy tussaglar diýip hasaplaýarlar.

BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler baradaky iş toparynyň geçen ýylyň ahyrynda aýan eden pikirine görä, Annagurban Amangylyjow bilen Sapardurdy Hajyýewiň tussag edilmegi Adam hukuklary boýunça ähliumumy Jarnamanyň 9, 10, 11, 19 we 20-nji maddalarynyň hem-de Graždan we syýasy hukuklar boýunça halkara Konwensiýanyň 9, 14, 19, we 22-nji maddalarynyň bozulmagy bolup durýar.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG