Sepleriň elýeterliligi

Onuň poeziýasy – oba gözelligi


Lirik şahyr Atajan Annaberdi

Lirik şahyr Atajan Annaberdi

Lirik şahyr Atajan Annaberdi ýaşap ýörenliginde şu günlerde 65 ýaşynyň toýuny toýlamalydy, ýöne onuň aramyzdan gidenine 5 ýyl dolýar. Ol unudylar ýaly şahyr däldi. Sebäbi beýle şahyr bizde azdy, has takygy gaty seýrekdi.

Atajan Annaberdi 1946-njy ýylyň tomsunda şindiki Murgap etrabynyň Çäşdepe obasynda dünýä inipdi. Oba mekdebini tamamlady. Soňra bolsa 1970-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň Fizika fakultetini gutardy. Ol öz obasyna dolanyp, fizika sapagyndan mugallym bolup işledi.

Gadymdan fizika bilen poeziýanyň arasynda nähilidir baglanyşyk bar bolsa gerek. Beýik akyldar Omar Haýýam owalda matematik hem astronom bolupdyr. Soňra ömrüniň ahyrky bölegini poeziýa bagyşlapdyr. Leonardo da Winçi hem matematikany söýüpdir, bütin ömrüne ony öwrenipdir hem “dünýäde matematika ýaly gyzykly zat ýok” diýipdir. Ol fizikadan dünýä belli açyşlar edipdir.

Geçen asyryň ikinji ýarymynda bu däp has ýörgünli boldy hem “fizikler we lirikler” diýen adalga ýörgünli boldy. Şeýlelikde ol uniwersitet ýyllary poeziýa bilen gyzyklanypdy. Şol döwürler Türkmen döwlet uniwersitetinde örän güýçli hem täsirli edebiýat birleşmesi bardy. Dürli edebiýat agşamlary geçirilýärdi. Studentler çeper edebiýaty edil aýdym-saz ýaly gyzgyn garşy alýardylar. Uniwersitetiň Edebiýat birleşigine şahyrlar Gurbannazar Ezizow, Italmaz Nuryýew, Öwezmyrat Babaýew häli-şindi gelerdiler. Aram-aram Mämmet Seýidow, Çary Aşyr, Ruhy Alyýew, tankytçy Abdylla Myradow, hatda Kerim Gurbannepesow hem şol poeziýa agşamlaryna gatnaşardylar. Belli şahyrlar entek metbugatda çykmadyk goşgularyny şol edebiýat birleşiginde okap bererdiler. Kerim Gurbannepesow “Ýaşlyk dramasyny” ilkinji gezek Uniwersitetiň studentleriniň öňünde okapdy.

Ine, şol duşuşyklar hem Atajan Annaberdiniň şahyr hökmünde açylmagyna uly itergi beripdi. Onuň “Haly” atly çaklaňja poemasy şahyr Gurbannazar Ezizowyň nazaryna ildi.

Aslynda Atajanda poeziýa bolan söýgi gaty ir oýanan bolsa gerek. Sebäbi ol sazanda hem aýdymçydy. Akkordeon çalmaga ökdedi. Ol akkordeon bilen halk aýdymlaryny aýdardy. Onuň “Maral geldi” diýen aýdymyny türkmen radiosy häli-şindi efire bererdi. Eger ol aýdym-saza ýykgyn eden bolsa, poeziýany-da gaty ýaşlygyndan söýüp başlan bolmaly.

Nähilem bolsa Atajan uniwersiteti gutaransoň, merkezde galjak bolmady. Goşgularyny çykartmak üçin, haýsydyr bir redaksiýa ýa-da edara işe ýerleşmedi. Ol öz obasyna gitdi hem şol ýerde öz poeziýasy, öz aýdymlary bilen ýaşady.

Şol döwürde Atajan bilen baglanyşykly şeýle bir waka boldy. Geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ortalarydy. Pagta ýygymy möwsüminiň iň gyzgalaňly döwründe Türkmenistan Kompartiýasynyň adyndan bir medeni topar Mary topragyna barýar hem pagtaçylar bilen duşuşyp, olaryň “Armasyny ýetirmek” isleýär. Marynyň welaýat ýolbaşçylary tarapyndan garşy alnan ol topardan nirä gitjeklerini, kimler bilen duşuşjakdyklaryny soraýarlar. Şonda toparyň bir agzasy, Annaberdi Agabaý ýa-da Gurbannazar Eziz, “Biz Murgaba gitsek gowy bolardy. Murgapda hem beýik Leniniň adyny göterýän kolhozyň medeniýet öýünde çykyş edeli, şol ýerde uly edebiýat agşamyny geçireli” diýýär. Başga bir takyk teklip bolmansoň, ol aýdylan pikir kabul edilýär. Topar ýörite ulag bilen şol aýdylan oba ugraýar. Sebäbi şol obada ýaş şahyr Atajan Annaberdi ýaşaýan ekeni.

Pagta ýygymy meselesinde köteklenip gelýän kolhoz başlygy olary örän sowuk garşy alypdyr. Olaryň “Biz size goşgy okap berjek” diýen hoşniýetli sözüne, ol “Meniň häzir gaýgym goşgy diňlemek däl. Eger adam toplap bilsem, ony pagta meýdanyna sürjek” diýipdir.

Bu işe derrew resmi ýolbaşçylar goşulyp, ol başlygy syýasy bisowatlykda ýazgarýarlar. Şol agşam şol obada uly poeziýa baýramçylygy geçirilýär. Başlygyň meýline garamazdan, bütin oba şahyrlary diňlemäge gelipdir. Örän şowhunly agşam bolupdyr. Atajan bolsa ol agşam hem myhmanlaryň, hem obadaşlarynyň öňünde liriki goşgularyny okaýar, soňra-da saz çalyp, aýdym aýdyp berýär. Ol başlygyň ady soňra medeni çärelere üns bermeýän ýolbaşçy hökmünde birnäçe resmi dokladlara girizildi hem tankyt edildi. Soňra bu barada “Sowet edebiýaty” žurnalynda uly oçerk peýda boldy.

Poeziýa düşünmeýän diňe ol başlyk däldi. Şeýle söýülýändigine garamazdan, Atajan Annaberdiniň şol döwürde entek goşgular kitaby çykanokdy. Kitapsyz hem bolsa, ony SSSR Ýazyjylar birleşiginiň hataryna kabul etdiler. Ol şol döwürde-de, soňra-da kitabyny çykartjak, adyny görkezjek bolup, göze-başa düşmedi. Ýöne poeziýany hem aýdym-sazy jany-teni bilen söýerdi. Murgap jülgesine bir şahyr ýa ýazyjy gelse, ony derrew tapardy. Myhman üçin wagtyny-da, zehinini-de gaýgyrmazdy.

Atajan Annaberdide şeýle sada hem dogruçyl goşgy bar. Ol goşguda “Men her gezek gonamçylyga baranymda, kakamyň mazaryny görüp, şunuň üstüne gümmez galdyrmaly diýip pikir edýän. Ýene oňa elim ýetmeýär, iş-alada bilen ony ýadymdan çykarýan” diýilýärdi. Belki, gümmez hökmanam däldir. Iň gowy hem berk gümmez ynsanyň öz yzynda goýan beýik hyzmatydyr. Atajanyň hyzmaty hem onuň üstüne gün düşürmez, gar ýagdyrmaz diýip, umyt edýärin.

Çarwa obajygy

Atajan Annaberdi

Men bir çarwa obajygna sataşdym,
Sähraň jümmüşinde, içinde çölüň.
Bu täsin obajyk birmahal göçden
Bölünip galana edip dur çalym.

Uly-kiçi üçin kanun ekeni
Munda oba ýaşulsynyň aýdany.
Garşylanýar gelen çetinde obaň,
Ýola salnyp ugradýarlar gaýdany.

Myhman gelen güni toý tutýar oba,
Dutar çalynýar hem aýdylýar aýdym.
Diýýär her kim nobatyna garaşyp:
“Myhman, bizdenem bir duz dadyp gaýdyň!”

Aýlanarsyň. Gollaryny çyzgaşyp,
Goç ýigitler hyzmatyňda durarlar.
Demir ýol garasyn görmedik gyzlar
Adamsyz öýlere kürsäp urarlar.

Ojakdan göterlen çalymtyk tüsse
Sütün bolup ýeter durar asmana.
Milt etmersiň tämiz bolmasa kalbyň
Bu mukaddes oba aýak basmaga.

Hudaýberdi Hally Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy.
XS
SM
MD
LG