Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çyn-Maçynyň bagyr ýakýan harytlary


Türkmenistan özbaşdak ýaşamaga başlap, dünýäniň islendik ýurdy bilen hökümetara gatnaşyklary ýola goýandan, şol ýurda ilkinjileriň hatarynda söwdagärler hem ýola düşýär. Gadymy rowaýatlarda «Alty aýlyk ýolmuş» diýlip suratlandyrylýan Çyn-Maçyn (Hytaý) ýurdy hem indi türkmen söwdagärleri üçin bary-ýogy birki günüň içinde aýlanyp gelinýän ýere öwrüldi.

Türkmenistanyň tebigy gazy Hytaýa akyp başlansoň, türkmen-hytaý dostlugy, gatnaşygy has-da berkeýär. Ýöne türkmen söwdagärleriniň Hytaýa gatnamasy welin heniz türkmen gazyny bu ýurda akdyrmak hakdaky gürrüňler döremezdenem has irräk başlanypdy. Eýýäm nije ýylyň içidir, türkmen söwdagärleri ýurduň bazarlaryny Hytaýda öndürilýän arzan harytlar bilen doldurýarlar. Konteýnerler bilen Hytaýdan Türkmenistana gelýän harytlaryň bäri-aňyrsy ýok.

«Hytaýyň gowy hem bek harytlary hem bar» diýip, käbir adamlar aýdýarlar. Ýöne men welin bu gepe ynanyp bilemok. Sebäbi ýigrimi ýylyň içidir, Hytaýdan getirilýän harytlaryň dereklisine duşup bolanok. Elbetde, bu ýagdaý türkmen söwdagärleriniň günäsi bilen bolmagy hem mümkin. Olar belki, diňe arzan hem-de hili pes harytlary saýlap alýandyrlar.

Ol arzan harytlaryň ömri şeýle bir gysga welin, iki ýüz-üç ýüz amerikan dollaryny berip satyn alynýan çaga maşyny bir hepde sürmäge ýaraýar. Ol bir hepdede sandan çykýar. Çaga tigirleri bir aýa golaý ýa sürdürýär, ýa-da sürdürenok. Hatda olaryň nurbatlary sürlüp barylýarka öz-özünden gaçyp galýar. Hytaýdan gelýän jamlaryň syrçasy gaçýar, odeýalolaryň tüýleri dökülip ýatyr. Termoslar çaýyň ýylysyny saklanok. Termometrler diňe gyzgyn howany ölçäp bilýär, minusy görkezip bilenok. Bir aý ulanyp-ulanmankaň, pyçaklarynyň sapy gaçýar. Sagatlary bir aýdan köp ulanyp bolanok. Garaz, sanasaň — sogaby bar.

Özüniň arzan harytlary bilen türkmen halkynyň arasynda Hytaý abraýdan gaçýar. Şol arzan harytlar bir tarapdan hytaýlylaryň örän zähmetsöýer hem zehinli halkdygyny-da subut edýär— dünýäniň bir ýurdunda ýaşaýyş-durmuş hajatlary üçin nähilidir bir haryt öndürilýän bolsa, Hytaý şonuň nusgasyny ýasap çykarýar. Ýöne ol harytlaryň arzan bahadan öndürilýänligi üçinmi-nämemi, hili örän pes.

Bu arzan harytlara Hytaýda belki, «Halk üçin elýeterli haryt öndürýäris» diýlip baha berilýändir. Ol pes hilli harytlary alyp, halk begenýändir öýdýändirler. Emma hytaý harydyny alyp, halk asla begenenok. Sebäbi çaga üçin her iki aýdan tigir ýa maşyn satyn almak aňsat däl. Hytaý harytlary diňe gaharyňy getirýär.

Hytaý harytlary diňe gaharyňy getirse, onuň zyýany hem ýok diýeliň. Ýöne ol ýurtdan gelýän harytlaryň içinde örän howply zatlar hem bar—meselem, ol ýurtdan gelýän, öýlere gaz, suw çekmek üçin niýetlenen turbalary alyp göreliň. Gaz, suw geçiriji ussalar hiç wagt Hytaýdan gelýän turbalary satyn almaly däldigini, olaryň basym deşilýändigini aýdýarlar. Suw turbasy deşilse, diňe öýüň öl boljak. Gaz turbasy deşilse welin, Hudaý saklasyn! Nämeleriň boljagyny hemmeler bilýändir.

Söwdanyň yşgyna düşenler welin, bu zatlar hakda pikir etmeýärler. Olaryň bar pikiri pul ýasamak. Käbir howply zatlary ýurda getirmäge gadagançylyk girizmek hökümet işgärleriniň borjy. Ýöne entek ol turbalar sebäpli betbagtçylyga düşýän adamlar gaty köpeläýmese, hökümet bu meselä üns çeker öýdemok. Gyşyna gaz turbalardan gaz syzyp ýanýan öýler, zäherlenýän adamlar hakda gürrüňler her ýyl eşidilip durýar. Geçen ýylyň gyşynda «Parahat-1» mikroraýonynda gaz syzmadan zäherlenip, iki sany talyp oglanyň ölenligi hakdaky gürrüň köp ýere ýaýrady.

Men şol öýde deşilen gaz turbasy hut Hytaýdan gelen turbadyr diýmek islämok, ýöne gaz turbasyndan gaz syzmadan ägä bolmak hakda aýtmak isleýärin. Çalt deşilýän turbalary ulanmaly däl. Ussalar olary almagy maslahat bermese-de, pulsuz adamlar arzan zady barybir alýarlar. Türkmenistanyň ilatynyň hem aglaba bölegi pulsuz. Onsoň olar janlaryna töwekgellik edip, islendik howpy getirse-de, arzan haryda topulýarlar. Olar diňe öz janlaryny däl, goňşularyň janlaryny-da howp astynda goýýarlar.

Paýtagtyň 11-nji mikroraýonynda mundan birnäçe ýyl öňräk ýokarky gatda ýaşaýan goňşynyň kwartirasynda gaz turbasyndan syzan gazdan zäherlenip, ýokarky gatda ýaşaýan goňşularyň hem ýogalandygyny bu mikroraýonyň adamlary heniz unudan däl bolsalar gerek.

Çaga oýnawaçlary meselesinde saýlamak üçin başga haryt hem ýok. Çaga oýnawaçlary esasan Hytaýdan getirilýär. Türkmenistanda çaga oýnawajy asla öndürilmeýär. Ýogsam bolmasa, gymmat bolsa-da, çagalaryna bekje oýnawaçlary almak isleýän pully adamlar az däl.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG