Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ruhnama” aýrylar, ýöne...


Ýazgulyýew: "“Ruhnamanyň” ýakyn ýyllarda okuw sapagyndan aýryljakdygyna köpler şübhelenmeýär".
Ýazgulyýew: "“Ruhnamanyň” ýakyn ýyllarda okuw sapagyndan aýryljakdygyna köpler şübhelenmeýär".
Şu ýyl orta mekdepleriň gutardyş synaglaryndan “Ruhnama” dersiniň aýrylyp, onuň ýerine “Informatikanyň esaslary” predmetiniň girizilmegini bilim pudagyndaky öňe gidişlik hasaplasa bolar. Ýöne “Ruhnamany” mekdep programmasyndan aýyrmagyň beýle bir ýeňil bolmajakdygyny meniň bilen söhbetdeş bolan, ömrüni ylma-bilime bagyş eden hünärmenler biragyzdan tassykladylar.

Bilim hünärmenleriniň tassyklamagyna görä, “Ruhnama” dersi orta mekdeplere okuw programmasy hökmünde girizilende, umuman, gumanitar ylymlary sapagyny azaltmagyň hasabyna salnypdy.

Emma Nyýazowyň “Bilim” syýasaty SSSR döwrüniň orta bilimininiň möhletini azaldyp, onuň ýerine mekdep programmasyny aşa syýasatlaşdyryp, okuwçylaryň hepdelik okuwyny çendenaşa köpeldipdi.

Nyýazow tarapyndan dokuz ýyla getirilen umumy bilim berýän orta mekdepler Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen on ýyla getirildi. Emma mekdebiň okuw programmalarynyň aşa syýasatlaşmagyny ortadan aýyrmak, okuwçylaryň aňyna uly agram berýän hepdelik okuw ýüküni azaltmak hakynda hiç hili iş ýerine ýetirilmedi.

Şeýlelikde, orta mekdebiň ýylyny uzaltmagyň netijesinde okuw programmalary Nyýazow döwründenem aşa syýasatlaşdy, okuwçylaryň hepdelik ýüküniň köpelmegi bilen bolsa, çagalaryň bilime bolan höwesi gaçdy. Mysal üçin, ýurdumuzyň häzirki mekdep okuw programmasy boýunça 9-10-njy synpyň okuwçylary hepdede üç gün 6, beýleki üç gün bolsa 7 okap, jemi 39 sagat, 8-nji synplar jemi 37, 5-7-nji synplar günde 6, jemi 36, 4-nji synplar diňe hepdede bir gün 5, beýleki günler 6, jemi 35, 1-3-nji synplar bolsa hepde-de 27-28 sagat okaýarlar.

Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuw programmalary okuwçylaryň bilim almagy üçin däl-de, çagalary syýasatyň serişdesine öwürmäge niýetlenene meňzeýär. Şonuň üçin orta mekdebiň okuw programmalary dünýä standartyna laýyklykda kämilleşdirilmese, “Ruhnamanyň” okuw sapagyndan aýrylylmagy bilen okuwçylara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyryp bolmaz.

Tersine, “Ruhnamanyň” okuw sapagyndan aýrylýandygy hakyndaky gürrüň köp mugallymlary alada goýdy, sebäbi bu sapak ýatyrylsa, bilim hünärmenleriniň anyk hasaplamagyna görä, mugallymlaryň 9% sapagy azalar. Bu bolsa şonça möçberdäki mugallymlaryň işlerinden hoşlaşmaly boljakdygyny, eger-de bilim işgärleri biri-birine raýdaşlyk edäýen halatynda bolsa olaryň her biriniň aýlygynyň tas ondan bir böleginiň azaljakdygyny görkezýär.

Kämillik

“Ruhnamanyň” ýakyn ýyllarda okuw sapagyndan aýryljakdygyna köpler şübhelenmeýär. Hatda bu “pelsepäniň” ýerine başga bir sapagyň salynmagam Türkmenistanda bilim sistemasynyň kämil boljakdygyny aňlatmaz. Şol sebäpli ilkinji nobatda okuw programmasyna laýyk gelmeýän “Ruhnamany” ýatyrmaly. Täze girizilen “Jemgyýeti öwreniş”, “Ýaşaýyş-durmuş esaslary” ýaly gumanitar sapaklary häzirki syýasat bilen baglanyşdyrman, mahlasy dünýä standartyna laýyk gelýän orta mekdebiň okuw programmasyny düzmeli, munuň üçin bilim hünärmenleriniň arasynda okuw programmalaryny taýynlamak boýunça konkurs geçirmeli.

Elbetde, orta mekdebiň dünýä standartyna laýyklykda okuw programmalary düzülip, okuwçylar şoňa laýyklykda okadylsa, olaryň hepdelik okajak sagatlaram azyndan 20% azalar, bu bolsa mugallymlaryň hepdelik iş ýükiniň hem şonça möçberde kemeljekdigini görkezýär. Emma mugallymlaryň hepdelik iş ýükini hem dünýä standartyna laýyk getirmezden okuwçylara hilli bilim bermek hiç hili mümkin däldir. Şonuň üçinem mugallymlaryň ýetmezçiligini göz öňünde tutup, olaryň hepdelik iş ýüküni geljek okuw ýylyndan bolmanda 18 sagada çenli kemeltmeli, sebäbi mugallymlaryň agyr hepdelik 24 sagatlyk iş ýükünde olaryň okuwçylara kämil bilim bermejekdigi köre hasa.

Şu okuw ýylyndan ýokary okuw jaýyna alynýan talyplaryň sanyny görnetin köpeldip, esasanam mugallymçylyk hünärine eýe boljak talyplary has artdyryp, geljekde mugallymlaryň iş ýükini hepdede ösen, hatda öňki Soýuz respublikalary —Orsýetdäki, Gazagystandaky ýaly 14 sagat diýip kesgitlemeli. Diňe şeýle edilende, mugallymlarymyzdan okuwçylara örän ýokary hilli bilim bermegini talap edip bileris, şeýle hem diňe bir “Ruhnamanyň” ýatyrylmagyny gazanman, bilim pudagyndan syýasatyň gözegçiligini hem ortadan aýrarys. Munuň üçin bolsa bilim reformasyna edil häzirden başlap, ertiriň giç boljakdygyna düşünmegimiz zerur.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG