Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ we beýleki ýurtlar talyplar bilen gepleşik geçirýär


Birleşen Ştatlar we beýleki ýurtlar Owganystanda parahatçylygy dikeltmek maksady bilen ylalaşyk gazanmak üçin talyplar bilen gepleşiklere gatnaşýar diýip, şenbe güni Kabulda bolan metbugat konferensiýasynda Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý aýtdy.

Karzaý şenbe güni ilkinji gezek gepleşiklere Birleşen Ştatlaryň gatnaşýandygyny tassyklady.

“Eýýäm “Talyban” we beýleki owgan jemgyýetiniň wekilleri bilen ýaraşyk gepleşikleri başlandy. Kim ýurduň Konstitusiýasyny ykrar edýän bolsa, Owganystanda azatlygy we demokratiýany üpjün etmegiň zerurlygy, ösüş üçin zerurlyklar bilen ylalaşýan bolsa, olaryň ählisi gepleşiklere gatnaşyp biler. Daşary ýurt harbylarynyň, ylaýta-da ABŞ-nyň gatnaşmagy talyplar bilen gepleşiklere ýardam edýär” diýip, Owganystanyň prezidenti aýtdy.

Şu aýyň başynda ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýts üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli talyplar bilen gepleşikler geçirilmeginiň mümkindigini habar beripdi.

Iýul aýynda ABŞ Owganystandan öz goşunlaryny çykaryp başlamakçy, bu proses 2014-nji ýylda tamamlanar diýlip garaşylýar. Şol wagta çenli owgan güýçleri ýurduň howpsuzlygyna jogapkärçiligi öz üstüne alar.
XS
SM
MD
LG