Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýadaky AES-de radiasiýaly suwy arassalamak togtadyldy


Şenbe güni Ýaponiýanyň gündogarynda güýji 5,9 ballyk ýer titredi. Onuň merkezi Fukusimadan 110 kilometr gündogarda. Deňiz harasady barasynda duýduryş berilmedi.

Ýaponiýanyň heläkçilige uçran “Fukusima-Daiçi” atom elektrik stansiýasynda radiasiýaly suwy arassalamak işi başlanandan birnäçe sagat geçenden soň proses togtadyldy.

Stanisiýanyň operatory TERESO kompaniýasynyň maglumatyna görä, suwy arassalaýan maşynda ýokary radioaktiw seziýanyň artmagy sebäpli, radiasiýanyň derejesi garaşylyşyndan çalt ýokarlanypdyr.

Stansiýanyň erzemininde 100 müň tonna töweregi radiasiýaly suw ýygnanypdyr. Şol suw 11-nji martdaky heläkçilikden soň reaktorlary sowatmak üçin ulanylypdy. Bilermenler şol suwuň deňze goşulmak howpuny duýdurýarlar.
XS
SM
MD
LG