Sepleriň elýeterliligi

Awstriýa Liwiýanyň Milli geçiş geňeşini ykrar eder


Awstriýa Liwiýada oppozisiýanyň döreden Milli geçiş geňeşini liwiýa halkynyň ýeke-täk kanuny hökümeti hökmünde ykrar etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Mundan öň birnäçe ýurt, şolaryň arasynda Beýik Britaniýa, Kanada, Fransiýa, Iordaniýa we Birleşen Ştatlar Liwiýadaky Milli geçiş geňeşini ykrar etdiler.

Şenbe güni Liwiýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Nalut şäherinde Kaddafiniň goşunlary bilen oppozision güýçleriň arasyndaky söweşlerde bärsinden 8 gozgalaňçy heläk boldy, ýene 18 adam ýaralandy. Bu barasynda gozgalançylara salgylanmak bilen “Roýter” agentligi habar berýär.

Gozgalaňçylaryň aýtmagyna görä, anna gününden bäri dowam edýän çaknyşyklarda Liwiýa armiýasynyň 45 esgeri öldürilipdir. Bu informasiýa garaşsyz tassyklama ýok.
XS
SM
MD
LG