Sepleriň elýeterliligi

“Al-Kaýda“ we “Talybana” garşy iki rezolýusiýa kabul edildi


Anna güni BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi halkara terroristik iki topar - "Al-Kaýdanyň" we owgan hereketi "Talybanyň" garşysyna sanksiýalar barada aýratyn iki rezolýusiýa kabul etdi.

Mundan öň “Al-Kaýda” ýa-da “Talyban” bilen bagly adamlaryň ýeke-täk sanawy bardy, olara syýahat gadagançylygy girizilýärdi, bank hasaplary doňdurylýardy.

Germaniýanyň BMG-däki hemişelik wekili we “Al-Kaýda” hem “Talyban” hereketlerine garşy sanksiýalar boýunça Howpsuzlyk geňeşiniň komitetiniň başlygy Piter Witting şeýle diýdi: “Mundan belýäk owgan hökümeti sanksiýa degişli adamlaryň sanawyna adamlary goşmak ýa ondan aýyrmak prosesinde görnükli rol oýnap biler. Bu bolsa Owganystanda ýaraşyga ýardam eder”.
XS
SM
MD
LG